Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Aýlygymyzy ýa jaý kireýine bermeli, ýa-da maşgalamyza ugratmaly’


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Aşgabatda polisiýa işgärleri welaýatlardan gelip, paýtagtyň seýilgählerinde işleýän we şol ýerde ýatyp-turýan içerki migrantlary polisiýa merkezine “ýygnap” başladylar.

Paýtagtdaky milli Garaşsyzlyk seýilgähinde işleýän käbir welaýatlylaryň Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmelerine aýtmagyna görä, polisiýa merkezine alnyp gidilýän işçilere näme sebäpden seýilgähleriň oturgyçlarynda ýatýandyklary barada ençeme sorag berlip, soňra-da pul jerimesi salynýar.

“Indi iki hepdä golaý wagt bäri polisiýa işgärleri gijäň ýary seýilgählere aýlanyp, oturgyçda ýatan işçileri polisiýa merkezine alyp gidýärler. Bize ‘näme üçin seýilgähde galýaňyz? Iş rugsatnamaňyz barmy?’ diýen ýaly soraglary berip, gije sagat 2-den ertesi iş güni başlanýança sakladylar. Soňra-da, paýtagtyň “Aşgabat kanal” edarasyna jaň edip, biziň işleýän ýerimizi anykladylar. Ondan soň, olar iki sagadyň dowamynda pasportlarymyzy alyp gelmegi tabşyrdylar we Aşgabatda ‘ýaşaýyş-durmuş hereketini bozandygymyzy’ belläp, herimiziň 50 manat jerime tölemelidigimizi aýtdylar. Bu ýagdaý gaýtalansa, onda munuň 10 essesini, ýagny 500 manat jerime tölemelidigimizi duýdurdylar” diýip, 34 ýaşyndaky daşoguzly Rahymberdi aýdýar.

Ol “ýurt raýatlarynyň bagtyýar zamanada bir kemsiz ýaşaýandygy” barada türkmen mediasynda yzygiderli çykyşlar edilse-de, özleriniň alýan aýlyklarynyň paýtagtda jaýy kireýine almaga ýetse-de, öz çagalaryna ugratmaga ýetmeýändiginden zeýrenýär.

“Soňky döwürde Aşgabatda jaýy kireýine almagyň düzgünleri kynlaşdy we onuň tölegleri hem juda gymmatlady. Birnäçe adam bilen kireýine jaý alaly diýsek, býurokratik bökdençlikler sebäpli onam edip bolanok. Şeýle bolanda, alýan aýlygymyzy ýa jaý kireýine, ýa-da maşgalamyza ugratmaly bolýarys. Bizem çagalarymyza pul ugratmak üçin seýilgähde ýatyp-turýarys. Işden çykyp, ýaşaýan ýerimize gideli diýsegem, ol ýerde-de iş ýok” diýip, Rahymberdi özüniň häzirki pursat näme etjegini bilmeýändigini aýdýar.

Ol şuňa meňzeş ýagdaýy paýtagtyň käbir beýleki seýilgählerinde işleýän içerki migrantlaryň hem başdan geçirýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Bu aralykda, gürrüňi edilýän ýagdaýlar dogrusynda ne Aşgabat häkimliginden, ne-de polisiýasyndan nähilidir bir maglumat almak başartdy.

Emma paýtagtyň seýilgählerinde işleýän içerki migrantlaryň başdan geçirýän bu ýagdaýlary Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna sanlyja aý galanda, türkmen häkimiýetleriniň Aşgabady köçe söwdagärlerinden, köne ulaglardan, eýesiz haýwanlardan, sölpi eşikli raýatlardan, welaýat belgili ulaglardan we regionlardan gelen türkmenistanlylardan “arassalamak işlerini” güýçlendirýän mahalyna gabat geldi.

Bu barada resmi mediada hiç bir görnüşde gürrüň gozgalmasa-da, garaşsyz aklawçylaryň ençemesi Aşgabatda alnyp barylýan bu çäreleriň ýurduň Konstitusiýasyna “çapraz gelýändigini” nygtaýarlar.

Galyberse-de, adam hukuklaryny gorap çykyş edýän “Human Rights Watch” guramasy we “Adam hukuklary boýunça Türkmen Inisiatiwasy” topary bilelikde beýanat ýaýradyp, Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýynyň Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň borçnamalaryna ters gelýändigini aýtdylar.

7-nji iýunda ýaýradylan bu beýanatda eger-de Aziýanyň Olimpik Geňeşi we Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasy Türkmenistanyň häkimiýetleri bilen ýurtdaky adam hukuklarynyň ýagdaýyny gozgamasalar, onda ýurduň bu ugurdaky ‘aýylganç’ ýagdaýy Aziýa oýunlaryna ‘kölege salyp biler’ diýilýär.

XS
SM
MD
LG