Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa: Meýiň Konserwatiw partiýasy parlamentdäki köplük ornuny ýitirdi


Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Meý

Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Meýiň Konserwatiw partiýasy parlamentdäki köplük ornuny ýitirdi. Meý möhletinden öň geçirilen ses berişlikden partiýanyň pozisiýasyny gowulandyryp, Britaniýanyň Ýewropa Bileleşiginden çykmagy baradaky Breksit gepleşiklerinde öz tutumyny güýçlendirmegi umyt edipdi. Ýöne onuň bu umydy başa barmady.

8-nji iýunda geçen saýlawda konserwatiwleriň köplük orny ýetirmegi we beýleki partiýalaryň hem hiç biriniň hökümeti düzmäge ýetirlik ses alyp bilmänligi sebäpli Britaniýanyň garma-gürmelik döwrüne girip, Breksit gepleşiklerinde Meýiň pozisiýasynyň gowşamagy mümkin.

650 orunly parlamentde konserwatiwleriň gazanan orunlarynyň sany 313, parlamentar köplük üçin bolsa 326 orun gerek. Solçy oppozisiýa Işçi partiýasynyň alany 260 orun.

Oppozisiýa, şeýle hem öz partiýasy Meýi häkimiýet başyndan çekilmäge çygyrdylar. Ýöne ol ýurdy “durnuklylyk” bilen üpjün etmek üçin, häkimiýet başynda galjakdygyny aýtdy.

Meý 9-njy iýunda: “Häzirki wagtda bu ýurda her bir zatdan öň durnuklylyk döwri gerek” diýdi.

Konserwatiw partiýa “orunlaryň köpüni gazanan bolsa we sesleriň hem köpüni gazanmagy ähtimal bolsa, onda durnuklylyk döwrüni kepillendirmek borjy biziň üstümize düşýär. Biziň etjek zadymyz hem edil şu” diýip, Meý aýtdy.

Britaniýanyň Işçi partiýasynyň başlygy Jeremi Korbin Meý häkimiýet başyndan çekilmeli diýdi.

Meýiň saýlawdan maksady konserwatiwleriň parlamentdäki köplük ornuny artdyrmak we Ýewropa Bileleşiginden çykmak boýunça geçirilmeli gepleşiklerde “güýçli hem durnukly hökümet” bilen Britaniýanyň tutumyny berkitmekdi.

Ýöne saýlaw netijeleri onuň partiýasynyň ýurdy dolandyrmakda kiçiräk partiýalaryň goldawyna bil baglamaly boljakdygyny aňladýar.

Bu aralykda, Ýewropa Bileleşiginiň käbir liderleri Meýiň köplük orny ýitirmegi 19-njy iýunda başlanmaly Breksit gepleşiklerini gijikdirer we gepleşikleriň şowsuzlyga uçrama ähtimallygyny artdyrar diýýärler.

Mysal üçin, Ýewropa Bileleşiginiň Býujet komissary Günter Öttingeriň german radiosyna aýtmagyna görä, 2019-njy ýylyň martynda Britaniýanyň bileleşikden kanuny taýdan kynçylyksyz çykmagyny üpjün etmäge gönükdirilen gepleşikleriň güýçli gepleşik topary bolmasa, näbellilige uçramagy mümkin.

“Bize hereket edere başarnykly hökümet gerek. Gepleşik geçirýän ýaran gowşak bolsa, onda gepleşikleriň iki tarap üçin-de ýaramaz bolup çykmagy mümkin ... men indi öňküden has köp näbellilige garaşýaryn” diýip, Öttinger aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň ykdysady we walýuta meseleleri boýunça komissary fransiýaly syýasatçy Pierre Moskowiçi saýlaw netijeleri gepleşiklere täsir eder diýse-de, Ýewropa Bileleşigi indi Britaniýanyň bileleşikde galmagy soramagyny umyt edýärmi diýlen soraga jogap bermekden saklandy.

Ol “Europe 1” radiosyna beren interwýusynda 2016-njy ýylda geçen referendumdan soňra öňki parlamentiň agzalarynyň aglaba köplüginiň Breksiti goldandygyny aýtdy. Onuň ýatlatmagyna görä 2019-njy ýyl diýip bellenen sene “saýlap tutulan” zat däl, şertnamanyň kanunynda kesgitlenişi şeýle.

XS
SM
MD
LG