Sepleriň elýeterliligi

Erdogan Kataryň terrorçylara goldaw berýändigi baradaky aýyplamany ret etdi


Türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan

Türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 9-njy iýunda Kataryň terrorçylary goldaýandygy baradaky aýyplamlary ret etdi we kiçijik pars aýlagy döwletiniň öz arap goňşulary tarapyndan ykdysady gabawa salynmagynyň soňlanmagyna çagyrdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 9-njy iýunda Katary ýene bir gezek terrorizmiň “örän ýokary derejeli maliýeleşdirijisi” atlandyrsa, Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky arap döwletleriniň topary 8-nji iýunda özleriniň Katar bilen ilteşikli diýýän adamlarynyň we guramalarynyň sanawyny çap edip, olary “terrorçylar” atlandyrmak bilen, öz aýyplamalaryny berkitdiler.

Bu ‘terrorçy” sanawyna Müsüriň “Musulman doganlygy” hereketiniň lideri

Yousef al-Karadawi, Katar tarapyndan maliýeleşdirilýän 12 sany sahawat guramasy hem girýär. Katar ýaly, “Musulman doganlygy” hereketine Türkiýe hem goldaw beripdi. “Biz şu güne çenli Kataryň terrora goldaw berenini göremzok” diýip, Erdogan Stambulda aýtdy.

XS
SM
MD
LG