Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow Astanada Türkmenistanyň Sergi merkezini açdy


Astana, EKSPO-2017.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji iýunda Gazagystanda “Astana EKSPO–2017” ýöriteleşdirilen halkara sergisiniň çäginde Türkmenistanyň Sergi merkezini açdy diýip, TDH habar berýär.

Prezident Berdimuhamedow öz açyş sözünde “Geljegiň energiýasy” atly şygar astynda guralýan serginiň maksadynyň daşky gurşawa ýetirilýän zyýany azaltmakdan, dünýäde energiýanyň sarp edilişi babatdaky jogapkärçilige çagyryşdan ybaratdygyny belledi.

Türkmen lideriniň sözlerine görä, “bu meseleleriň çözülmegi kontinentde geosyýasy durnuklylyga, makroykdysady ýagdaýlaryň häsiýetine we mazmunyna gönüden-göni täsirini ýetirýär”.

Türkmenistanyň Astanadaky sergi merkeziniň açylmagy türkmen hökümetiniň 1993-nji ýyldan bäri ulanýan mugtçulyk ýa ýeňillikler ulgamyny togtatmak kararyna gelen wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.

Resmi Aşgabat mundan öň ilata berilýän ýeňillikleri hökümetiň gazanan iň uly üstünlikleriniň biri hökmünde wagyz edýärdi.

XS
SM
MD
LG