Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainalylaryň ÝB ýurtlaryna wizasyz syýahat düzgüni resmi taýdan işe girizildi


Prezident Petro Poroşenko Kiýewde guralan dabarada çykyş edýär. 10-njy iýun, 2017 ý.
Prezident Petro Poroşenko Kiýewde guralan dabarada çykyş edýär. 10-njy iýun, 2017 ý.

Ukrainalylar 11-nji iýunda resmi taýdan Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna wizasyz syýahat etmek mümkinçiligine eýe boldular we ýurduň prezidenti bu çäräni “Russiýa imperiýasy bilen soňky hoşlaşyk” hökmünde gutlady.

Ukrain serhet resmileri täze düzgünler bilen baglylykda serhet boýundaky geçelgelerde ýolagçylaryň möçberiniň 30 prosent çemesi ýokarlanmagyna garaşýandyklaryny aýtdylar.

Ukrain raýatlary, eger-debiometrik pasportlary bolsa, Ýewropa Bileleşigine agza bolup durýan ýurtlaryň Irlandiýa bilen Angliýadan başga ählisine 180 gün döwür içinde 90 güne çenli wizasyz baryp bilerler. Bu düzgün Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolmadyk, emma Şengen zonasyna girýän dört ýurda – Norwegiýa, Islandiýa, Lihtenşteýne we Şweýsariýa hem degişli.

Ukrain prezidenti Petro Poroşenko 10-njy iýundatäze syýahat düzgüni başlanmazdan öň soňky 12 sagady sanap geçirendigini aýtdy we indi onuň pikirine görä Ukraina hem NATO-nyň, hem-de EB-niň agzasy bolar, “hiç bir zat, hiç kim bizi togtadyp bilmez” diýip, ol aýtdy.

“SSSR-e yza dolanmak” sözlerini diňe Bitlziň aýdymlaryny diňläniňde eşidip bolar” diýip, Poroşenko Kiýewde guralan dabarada aýtdy. “ “Biz Sowet Soýuzyna hiç wagtyza dolanmarys, sebäbi biz buýsanly we demokratik döwlet, ýewropa döwletleriniň maşgalasyna dolanýarys” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Biz ukrainalylara öz taryhlaryny gaýtaryp bermeli. ÝB-niň şu günki karary şu sebäpden şeýle wajyp bolup durýar. Uzak proses tamamlandy. Ozaly bilen, gürrüň Ukrainanyň ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky taryhy ornuna dolanýandygy barada barýar, mesele diňe wizasyz serhetden geçmekde däl” diýip, Poroşenko “1+1” telewizion kanalyna aýtdy.

Poroşenkodan öňki prezident Wiktor Ýanukowiç 2014-nji ýylda, Kiýewiň ÝB bilen gatnaşyklary ýygjamlatmak planlaryndan yza çekilenden soň, Ýewropa tarapdar raýatlaryň köpçülikleýin protestleri arkaly häkimiýetden çetleşdirildi.

Şondan soň Orsýet Ukrainanyň Krym regionyny öz kontrollygyna geçirdi we gündogar Ukrainada separartizme meçew berdi. Netijede, Orsýet tarapyndan goldanylýan güýçler bilen hökümet arasynda turan uruşda 9900-den gowrak adam öldürildi.

Şu günki Ukraina 17-nji asyryň başyndan bäri Rus imperiýasynyň bir bölegi boldy we 20-nji asyrda esasan, sowet respublikasy hökmünde, Moskwanyň başam barmagynyň astynda saklandy. Ol diňe 1991-nji ýylda, SSSR-iň synmagy netijesinde garaşsyz ýurt boldy.

EB-niň Ukrainadaky delegasiýasynyň başlygy Hugues Mingarelli Kiýewde guralan dabarada ukrainalylaryň “Günbatar Ýewropada hiç bir wiza soralmazdan 33 ýurda syýahat edip biljekdiklerini” aýtdy.

Mingarelli wizasyz düzgüniň Ukraina bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmagyň “diňe ilkinji ädimdigini” hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG