Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus obasynda dört adamy öldüren ýaragly atylyp öldürildi


Içeri işler ministri Wladimir Kolokoltsew
Içeri işler ministri Wladimir Kolokoltsew

Moskwanyň günorta-gündogaryndaky bir obada azyndan dört adamy öldüren ýaragly adam howpsuzlyk işgärleri bilen atşykda atylyp öldürildi diýip, rus mediasy habar berýär.

TASS habar gullugy 11-nji iýunda sözçi aýal Irina Wolka salgylanyp, Içeri işler ministrligi we Milli gwardiýa güýçleri tarapyndan gurnalan operasiýanyň tamam bolandygyny aýtdy. “Ýaragly adam ýok edildi” diýip, Wolkowa aýtdy.

Içeri işler ministri Wladimir Kolokoltsew ol adamyň 10-njy iýunda başlanan we sagatlap dowam eden gapma-garşylyk mahalynda gygyryp, granat hem zyňandygyny gürrüň berdi.

Resmiler Moskwa regionynyň Ramenskiý etrabynyň Kratowa obasyndaky wakanyň ýaragly adamyň öz öýünden geçegçileri oka tutup başlamagy netijesinde başlanandygyny aýtdylar.

Netijede, geçegçileriň biri ölýýär, ýene birnäçesi ýaralanýar.

TASS-yň habarçysy bu operasiýa 200 çemesi polsiýa işgäriniň gatnaşandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG