Sepleriň elýeterliligi

Eýran Katara bäş uçar ýüki azyk iberendigini aýdýar


Eýran uçary

Eýranyň milli howa ýollary regional gabaw esasynda azyk ýetmezçiligine uçran Katara bäş uçar ýüki azyk iberendigini aýdýar.

Eýranyň howa ýollarynyň sözçüsi Şahrok Nouşabadi bu uçarlaryň Katara miwe hem-de bakja önümlerini alyp gidendigini, 11-nji iýun agşamy ýene bir uçaryň iberiljegini aýtdy.

Saud Arabystany, Bahreýn, Birleşen Arap Emirlikleri we beýleki ýurtlar geçen hepde Katar bilen ähli gatnaşyklaryny kesýändiklerini aýtdylar. Olar Katary yslamçy jeňçileri we öz duşmanlary Eýrany goldamakda aýypladylar. Doha bu aýyplamalary ret edýär.

Eýran Kataryň arap goňşulary öz howa giňişligini ýapandan soň Katar uçarlary üçin öz howa giňişligini açdy.

Kataryň hökümeti ýurduň ýüzbe-ýüz bolan aýyplamaryna garşy durmagyna kömekleşmegi üçin ABŞ-nyň ozalky baş prokurory John Aşkrofty hakyna tutdy.

XS
SM
MD
LG