Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat-Duşenbe-Aşgabat synag reýsini amala aşyrar


"Türkmenhowaýollarynyň" uçary

Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat-Duşenbe-Aşgabat synag reýsini amala aşyrar.

Türkmenistandan bu täze halkara ugry boýunça uçuşyň 12-nji iýunda “Boing -737- 800” kysymly uçar tarapyndan amala aşyryljakdygyny türkmen mediasy habar berýär.

Mälim edilişine görä, Aşgabatdan Duşenbä barýan birinji uçary Türkmenistanyň resmi toparynyň agzalaryny alyp barýar. Türkmenistanyň “Senagatçylar we telekeçiler” bileleşiginiň ýolbaşçylaryny, agza kompaniýalarynyň başlyklaryny we syýahatçylyk şirketleriň wekillerini öz içine alýan türkmen delegasiýasynyň agzalary Duşenbä bir günlük saparynyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky howa gatnawyna degişli meseleler boýunça gepleşik geçirerler.

Resmi maglumata görä, Türkmenistan ýakyn wagtda Täjigistana yzygiderli howa gatnawyny ýola goýmagy planlaşdyrýar. Howa gatnawyny iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň esasynda amala aşyrylar.

Türkmenistanyň 1992-nji ýylda düýbi tutulan milli awiakompaniýasynyň dünýäniň 15 çemesi ýurduna gatnaýan uçarlaryna awiabiletleriň internet arkaly satylmagy meselesi hem ýaňy-ýakynda döwlet derejesinde maslahat edildi we prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan makullandy.

XS
SM
MD
LG