Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow Aşgabadyň ýollarynda tertip-düzgüniň üpjün edilmegini tabşyrdy


Aşgabada welaýat belgili ulaglar goýberilmeýär.

Türkmenistanyň prezidenti Aziada-2017 oýunlarynyň geçýän pursadynda paýtagtyň awtomobil ýollarynda tertip-düzgüniň üpjün edilmeginiň “wajypdygyny” belledi.

Geçen şenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisiniň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň sentýabrynda geçjek oýunlaryň dowamynda, ýolagçylara hyzmat etmegiň hilini we medeniýetini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny hem nygtap, bu meseleleriň degişli ýolbaşçylaryň hemişe üns merkezinde durmalydygyny hem sözüne goşdy.

Emma Berdimuhamedow Aşgabadyň ýollaryndaky tertip-düzgün, şeýle-de ýolagçylara edilýän hyzmat bilen baglylykda, anyk nähili bärden gaýtmalaryň, kemçilikleriň bardygyny agzamady. Şeýle-de, ol beren tabşyrygy boýunça takyk nähili çäreleriň görüljekdigi dogrusynda hiç zat aýtmady.

Prezidentiň bu ugurdaky çykyşy bilen birlikde, aşgabatlylar eýýäm birnäçe günden bäri “onsuz hem berk” diýip, häsiýetlendiren köçe-ýol gözegçiligiň has-da pugtalandyrylandygyny aýdýarlar.

“Ozal diňe protokol köçelerinde berk gözegçilik bolan bolsa, indi oňa ýanaşyk, mikroraýonlarynyň içinden geçýän ýollarda hem gözegçilik güýçlendi. Indi 3-4 günden bäri, Polisiýanyň Ýol Gözegçilik, şeýle-de patrul gulluklarynyň işgärleri ýanaşyk ýollarda gije-gündiziň dowamynda hiç hili ulagyň durmagyna, hatda sähelçe wagt säginmegine rugsat bermeýärler” diýip, Aşgabadyň Parahat 1 etrapçasynyň ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ulagyň durmagynyň gadagandygyny alamatlandyrýan ýörite ýol belgisi bolmasa-da, polisiýanyň işgärleri, kä halatlarda gödek görnüşde, ýörite ses gataldyjy enjamlar bilen säginen ulagyň döwlet belgisini agzap, onuň tizden-tiz hereketini dowam etdirmegini talap edýärler.

Şol bir wagtda, ýurduň beýleki künjeklerinden gelýän türkmenistanlylaryň, ýagny welaýat belgili ulaglaryň Aşgabada goýbermezlik düzgüniniň eýýäm iki ýyl çemesi dowam etmegi bilen birlikde, häzir patagatyň dürli çäklerinde ýörite barlag-gözegçilik nokatlary we duralgalary ýola goýlup başlandy.

Mundan bir hepde ozal Aşgabadyň gündogarynda, paýtagtdan 16 kilometr daşlykdaky awtoduralganyň gurluşygy tamamlanyp, onda mundan beýläk Ahal welaýatynyň gündogaryndan, şol sanda Tejenden, Kakadan, Saragtdan hem-de Lebap we Mary welaýatlaryndan gelýän awtoduralgalar paýtagta salynman saklanarlar.

Şeýle-de, paýtagtyň demirgazygynda, Çoganly posýologyndan eýýäm gurlan awtoduralgada Daşoguz welaýatyndan hem-de Ahalyň demirgazyk etraplaryndan, şol sanda Ruhabatdan, Derweze, Bokurdak, Ýerbent ýaly posýolkalardan gelýän ulaglar Aşgabada goýberilmän, şol ýerde saklanmaga mejbur edilýärler.

Mundanam başga, häzirki wagt Aşgabadyň günbatarynda, paýtagtdan 25 kilometr çemesi daşlykda, Babaarap obasynyň günorta-günbatarynda ýene bir barlag-gözegçilik nokadynyň we awtoduralganyň gurluşygy alnyp barylýar. Atlandyrylmasyzlygyny soran polisiýanyň ýokary derejeli bir işgäriniň Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna aýtmagyna görä, bu ýerde Balkan welaýatyndan we Ahalyň günbatar etraplaryndan: Gökdepeden, Bäherdenden... gelýän awtoulaglar hem saklanyp, olaryň Aşgabada girmeginiň öňi alynar.

Aşgabadyň çäginde saklanan welaýat belgili ulaglarda gelen türkmenistanlylar, mundan soň paýtagta ýörite bellenen awtobuslarda aşmaly bolarlar.

Bu çäklendirmeleriň ýurduň beýleki künjeklerinden her dürli sebäp bilen Aşgabada gelýän türkmenistanlylaryň hereket azatlygyna ýetirýän täsirleri bilen birlikde, welaýatlarda gök-bakja önümleriniň ýetişdirip, paýtagtyň bazarlaryna getirip satýanlara hem ýaramaz täsir ýetijekdigine üns çekilýär.

“Indi gawun, garpyz, bakja önümleri ýetişip başlar. Paýtagta getirip satmasak, bärde onuň hyrydary az. Polisiýa ýüz tutanymda, ‘tapawudy ýok, ulagyň Aşgabada salynmaz’ diýip jogap berdiler. Indi ol eklenjimizem kesilene meňzeýär” diýip, bäherdenli kärendeçileriň biri gürrüň berdi.

Ýeri gelende bellesek, ne hökümet maslahatlarynda, ne-de döwlet mediasynda ýurduň transport gatnawyna girizilen çäklendirmeleri ýa-da indi giriziljek täze düzgünler barasynda ilat köpçüligine hiç hili habar berilmeýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG