Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalnyý protestleriň öňýany tussag edildi


Alekseý Nawalnyý Moskwada öýüniň golaýynda tussag edildi.

Korrupsiýa garşy göreşýän aktiwist we oppozision syýasatçy Alekseý Nawalnyý korrupsiýa garşy planlaşdyrylan protestleriň öňüsyrasynda Moskwada öýüniň golaýynda tussag edildi.

Onuň aýaly Ýuliýa Nawalnaýa adamsynyň öz tarapdarlaryny 12-nji iýuna planlaşdyrylan protestleri geçirmäge ündändigini Twitter arkaly habar berdi.

Nawalnynyň korrupsiýa garşy göreş fondundaky çeşmeler öz edara jaýlarynda elektrik togunyň we internetiň kesilendigini aýtdylar.

Alekseý Nawalny bilen onuň goldawçylary tarapyndan tutuş ýurt boýunça gurnalan korrupsiýa garşy protestleriň çäginde, Orsýetiň Uzak Gündogarynda demonstrasiýa geçirmäge synanyşan birnäçe adamy polisiýa tutdy.

Nawalny soňky salymda adamlary Moskwa şäheriniň merkeziden daşarda rugsat edilen ýerde däl-de, Twerskaýa köçesinde protest geçirmege çagyranyndan soňra, Moskwanyň polisiýasy bu köçede protest geçirmek baradaky planlar hakda duýduryş berdi.

Korrupsiýa garşy göreş alyp barýan we Orsýetiň iň tanymal oppozision lideri bolan Nawalny köpçülikleýin protestler bilen özüniň 2018-nji ýylda geçjek prezident saýlawlary baradaky kampaniýasyny güýçlendirmek isleýär. Ýöne prezident Wladimir Putiniň hökümetiniň onuň saýlawa kandidat bolup gatnaşmagyna ýol berjekdigi belli däl.

OWD-info saýty Blagoweşçensk şäherinde azyndan dört adamyň, şol sanda rugsat edilmedik protestleri gurnanyň-da tutulandygyny habar berdi.

Ýerli mediada bildirilmegine görä, Wladiwostokda birnäçe ýüz adam protest geçirende, polisiýanyň protestçiler bilen çaknyşyp, sany näbelli adamlary tutandygy aýdylýar.

Wideoda polisiýa işgerleri iki adamy ýa iki ýaş ýigidi märekäniň içinden çekip çykarýar. Protestçiler hem “utanç, utanç” diýşip gygyryşýarlar.

Sibiriň Nowosibirsk şäherinde, şeýle hem Gazagystan bilen serhetdeş Altaý ülkesiniň merkezi Barnaulda ençeme adam protest geçirdi. Protestler beýleki şäherlerde, şol sanda Tatarystanda Kazanda-da geçdi.

Rugsat edilmedik protest St. Peterburgda-da planlaşdyrylypdy. Bu ýerde ony gurnan Andreý Piwowarow 12-nji iýunda “Facebook” saýtynda polisiýanyň onuň ýaşaýan ýerine gelip, özüni “köpçülikleýin bidüzgünçiligi gurnamakda” aýyplandygyny ýazdy. Ol gapyny açmansoň hem polisiýa daraşda ýerleşipdir.

Moskwada şäher häkimiýetleri şäheriň merkezinden daşarda demonstrasiýa geçirilmegine ozal rugsat edipdiler. Ýöne Nawalny 11-nji iýunda giçlik demonstrasiýany esasy köçe bolan Twerskaýa geçirendigini aýtdy.

Protestiň geçmeli ýerini üýtgedendigini başlanmazdan 24 sagatdan hem az wagt öň yglan eden Nawalny häkimiýetleri demonstrasiýany gurnanlar bilen hyzmatdaşlyk etmezlik üçin, audioçy we wideoçylara basyş etmekde aýyplady.

Ol wideoda tarapdarlaryny parahatçylykly ýöriş geçirmäge we prowokasiýalara çekilmezlige çagyrdy.

Nawalny demonstrasiýanyň ýerini üýtgedeninden soňra Moskwanyň prokurorlygy “Twerskaýa köçesinde rugsatsyz üýşmeleň geçirmäge edilen her bir synanyşyk” bikanun bolar we “kanun goraýjy organlar tertip-düzgüni saklamak üçin, gerekli çäreleri görmeli bolarlar” diýip duýduryş berdi.

Planlaşdyrylan ýörişden birnäçe sagat öň Moskwanyň polisiýasy tarapyndan çykarylan başga bir beýannamada “protestçiler tarapyndan bolan her bir öjükdiriji işe umumy tertip-düzgüne salnan howp diýip garalar we şol bada togtadylar” diýilýär.

Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow mesele şäher häkimiýetleriniň meselesi diýdi. Ol soňra hem “prowokasiýalardan ýa bikanun işlerden saklanmak möhüm” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Şäheriň regional howpsuzlyk we anti-korrupsiýa bölüminiň başlygy Wladimir Çernikowyň ‘Eho Moskwy’ radiosyna aýtmagyna görä, adamlaryň Twerskaýa köçesinde gezelenç etmegine ýol berler, ýöne plakat götermäge ýa şygar gerip, gygyryşmaga rugsat edilmez.

“Eger biri syýasy plakatlar bilen peýda bolsa ýa şygar gerip gygyrsa, onda onuň polisiýanyň potensial müşderisi boljakdygy şübhesiz. Eger-de biri parahatçylykly gezelenç edip, Orsýet gününi bellemäge gelen köplük bilen raýdaşlyk görkezse, onda ähli zat asuda we oňat bolar” diýip, Çernikow aýtdy.

Nawalnynyň Putiniň ýolbaşçylygyndaky korrupsiýa we dostparazlyk sistemasy diýýänine garşy 200-den agdyk şäherde demonstrasiýalar geçýär.

Nawalny mart aýynda tutuş ýurt boýunça geçirilen protestlerde gazanylan üstünligi artdyrmak isleýär. Bu protestlere garaşylmadyk ýagdaýda köp adam gatnaşdy. Onda Moskwanyň bir özünde müňden agdyk adam tutuldy.

Nawalny bilen onuň tarapdarlary tarapyndan döredilen bir wideoýazgy 12-nji iýuna planlaşdyrylan protestlerden bir gün öň hökümetiň iki saýtynda peýda boldy. Bu wideoda premýer-ministr Dmitriý Medwedew korrupsiýada aýyplanýar.

26-nji martda geçen demonstrasiýalarda esasy roly oýnan bu wideo Ýaroslawl şäheriniň regional prokurorlygynyň, şeýle hem St. Peterburgyň regional administrasiýasynyň websaýylarynda ýerleşdirildi.

Ýaroslawl prokurorlary saýtlar hak hüjümine uçrapdyr diýip güman edýändiklerini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG