Sepleriň elýeterliligi

Täjik prezidenti öz gyzyny adalat boýunça döwlet geňeşçisi wezipesine belledi


Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon adalat boýunça döwlet geňeşçisi wezipesini öz gyzy we prezidentiň edarasynyň başlygy Ozoda Rahmona berdi.

Prezident Rahmonyň 25-nji maýda eden bu karary 13-nji iýunda köpçülige mälim edildi.

Ozoda Rahmon prezidentiň edarasynyň ýolbaşçysy wezipesine 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda bellenipdi. Ondan öň ol daşary işler ministriň orunbasary wezipesinde işläpdi.

Noýabr aýynda Rahmon ýene bir gyzyny Ruhşona Rahmonowany daşary işler ministriň orunbasary wezipesine belläpdi.

Ýanwar aýynda Rahmonyň uly ogly Rustam Emomali Duşenbe şäheriniň häkimi wezipesine bellendi.

Täjigistanyň prezidentiniň ýakyn garyndaşlarynyň ençemesi ýurtda möhüm wezipeleri eýeleýärler ýa-da täsirli biznese gözegçilik edýärler.

1992-nji ýyldan bäri bu postsowet ýurduny dolandyrýan Rahmon dokuz çaganyň kakasy.

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar we syýasy garşydaşlar Rahmonyň garşy pikire çydamsyzlyk görkezýändigini we tankytçylaryny basyp ýatyrýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG