Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus hakerleriniň elektrik üpjünçilik ulgamlaryny hatardan çykaryp biljekdigi aýdylýar


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

12-nji iýunda ylmy barlagçylaryň ýaýradan hasabatynda, rus hökümeti bilen hyzmatdaşlyk edýän hakerleriň dünýäniň elektrik sistemasyna agyr zarba urmaga ukyby bolan kiber ýaragy oýlap tapandyklary aýdyldy.

Ylmy barlagçylaryň aýtmagyna görä “CrashOverride” ýa-da “Industroyer” atly zyýanly kompýuter programmalary dekabr aýynda Ukrainanyň elektrik üpjünçiligine zyýan yetirip Kiýewiň elektrik stansiýalarynyň bäşden bir bölegini hatardan çykarypdyr.

Zyýanly kompýuter programmasyny anyklan “Dragos” atly kiber-howpsuzlyk firmasynyň 12-nji iýunda ýaýradan hasabatynda, Orsýetiň hökümete degişli hakerleriniň Birleşen Ştatlary hem öz içine alýan başga-da birnäçe ýurduň elektrik üpjünçilik sistemalaryna hüjüm etmäge gyzyklanma bildirendikleri aýdylýar.

“Dragos”, agzalýan zyýanly programmanyň Aziýanyň we Ýewropanyň elektrik ulgamlaryna hüjüm etmäge ukyplydygyny, kiçi gerimli düzedişleriň amala aşyrylmagy bilen onuň Birleşen Ştatlarda hem ulynylyp bilinjekdigini we birnäçe günläp ilaty toksuz goýmaga ukybynyň bardygyny aýdýar.

Şeýle-de “Dragos”, kiçi gerimli düzedişlerden soň zyýanly programmanyň beýleki aýratyn ähmiýetli infrastruktaralara şol sanda, transport ulgamlaryna, suw we tebigy gaz üpjünçilik ulgamlaryna hüjüm edip olary hatardan çykarmaga ukyplydygyny aýdýar.

Gürrüňi edilýän täzeligiň peýda bolmagy bilen Birleşen Ştatlaryň Içerki howpsuzlyk departamenti, ýagny Içeri işler ministrligi, ähli aýratyn ahmiýetli infrastruktularyň bellenen tertipde howpszulyk çäreleriniň amala aşyrylmagy bilen hüşgär ulanylmalydygy barada degişli edaralary habarly etdi.

“Dragos”, “Electrum” atly toparyň zyýanly programmany döredendigini we agzalýan toparyň 2015-nji ýylyň dekabr aýynda Ukrainanyň elektrik ulgamlaryna hüjüm eden hakerleriň ulanan kompýuter sistemalaryndan peýdalanýandyklaryny uly ynam bilen aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň ylmy-barlagçylarynyň gelen netijesine görä, 2015-nji ýyldaky hüjümi ors hökümetiniň hakerleri amala aşyrdy. Agzalýan hakerleriň “Sandworm” atly topar bilen gatnaşyklydygyna we olaryň ors hökümeti bilen ilteşiklidigine ynanylýar. 2015 hüjümlerinde 225 müň müşderi elektrik togundan mahrum bolupdy.

“Dragosyň” toplan ylmy subutnamalary , “Electrum” we “Sandworm” atly toparlaryň ikisiniň birdgini, ýa-da iki toparyň şol bir guramanyň binýadynda hereket edýändigini; iki toparyň gürrüňsiz ilteşiklidigini habar berýär.

Ukrainadaky hüjümleriň kiber nusgalary ilki bilen Slowakiýanyň ESET kompaniýasy tarapyndan toplanypdy. ESET özünde bar bolan maglumatlardan “Dragosyň” hem peýdalanmagyna mümkinçilik berip zyýanly programmany “Industroyer” diýip atlandyrdy, ýöne “Dragos” ony “CrashOverride” atlandyrdy.

“Industroyer” ýa-da “CrashOverride” atly programmalar aýratynam senagat gözegçilik ulgamlaryny hatardan çykarmaga niýetlenip ýazylypdyr. Agzalýan programma, Birleşen Ştatlaryň we Ysraýylyň Eýranyň ýadro ulgamlaryny sandan çykarmaga niýetläp döreden “Stuxnet” atly kiber gurçugyndan soňra döredilen iň howply duşman hasaplanýar.

XS
SM
MD
LG