Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň Owganystanda ABŞ-nyň harbylarynyň sanyny artdyrmaga rugsat berendigi aýdylýar


ABŞ-nyň Goranmak sekretary Jim Mattis (s) ABŞ-nyň goşun generaly John Nikolson (ç), Kabul, 24-nji aprel, 2017
ABŞ-nyň Goranmak sekretary Jim Mattis (s) ABŞ-nyň goşun generaly John Nikolson (ç), Kabul, 24-nji aprel, 2017

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 13-nji iýunda Goranmak sekretary Jim Mattise ygtyýarlyk bermek bilen Owganystanda harbylaryň sanynyň artdyrylmagyna ýol açdy.

Owganystanda ABŞ-nyň harbylaryna we halkara güýçlerine ýolbaşçylyk edýän goşun generaly John Nikolson özüne harbylaryň şu günki sany 8400-den “ýene birnäçe müň” köp gerekdigini aýtdy.

Pentagonda goşmaça harbylaryň 3000-5000 aralygyndaky sany maslahat edildi. Olardan ençemesiniň ABŞ-nyň ýaranlary tarapyndan iberilip bilinjekdigi, goşmaça harbylaryň esasy bölegini howa güýçleriniň we owgan harbylaryny goldamak üçin türgenleşdirijileriň emele getirjekdigi aýdyldy.

Trampyň Owganystanda 15 ýyl bäri dowam edýän urşa çemeleşmekde harbylara seresaplygyny artdyrmak boýunça ygtyýarlygyny bermek karary şu ýylyň başynda ABŞ-nyň generallaryna Yrakda we Siriýada amerikan goşunlaryny dolandyrmakda has köp ygtyýar bermeginiň yzýanyna gabat geldi.

Owganystanda ABŞ-nyň harbylarynyň sanynyň köpeldilmeginden soň hem olaryň sany 2011-nji ýylyň derejesinden has pes bolar. Şonda ABŞ-nyň harbylarynyň sany 100 müň adam çemesidi. Käbir resmiler häzirki wagtda harbylaryň artdyryljak sanynyň Owganystandaky urşuň gidişine täsir ýetirmäge ukyply boljagyny sorag astyna alýarlar.

XS
SM
MD
LG