Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Türkmen-türk mekdepleriniň ýetişdiren nesillerini azaba duçar etmäň!'


Türk mekdebi, Aşgabat, 2014
Türk mekdebi, Aşgabat, 2014

Hormatly Arkadag!

Türkmen-türk mekdepleri bu gün dünýäniň 170 ülkesinde 1000-den gowrak bilim ojaklary bilen tanalýar. Bularyň öňde goýýan esasy maksady ylymly-bilimli ýaş nesli terbiýelemek we bütindünýä ynsanlarynyň wyždan azatlygyny, adalaty, hukugy, demokratiýanyň gymmatlyklaryny kämilleşdirýän döwründe bulara goşant goşjak aňyýete eýe nesil ýetişdirmekden ybarat.

Bu tip mekdepler biziň Ata Watanymyzda 20 ýyla golaý bilim-terbiýe işini alyp bardy. Has dogrusy, Garaşsyzlygymyzy berkitmekde we ýaş Watanymyzy dünýä tanatmakda oňyn rol oýnady. Çünki bu mekdep okuwçylary bilimiň döwrebap usullary bilen okadylyp, dünýä döwletleriniň arasynda geçirilýän bilim bäsleşiklerinde mynasyp orunlara eýe boldylar.

Bu mekdepler öz okuwçylarynyň hossarlary bilen hem ýakyn aragatnaşyk saklap, iki arada çaganyň pikirleniş dünýäsiniň, arzuw-hyýallarynyň, oý-pikirleriniň ünsden düşürilmezliginiň hem öňüni almaklygy başardylar. Mekdep-okuwçy-maşgala üçlüginiň binýadyny pugtadan tutdular.

Bu mekdepleriň alyp barýan bilim-terbiýe işlerini ähli taraplaýyn açyk , döwletimiziň islendik edaralary tarapyndan barlanylyp durulmagyna-da giň mümkinçilik döretdiler. Barlag-gözegçilik işleriniň netijeleri welaýat we şäherlerimiziň mekdepler bilen işleýän edara-guramalarynda bardyr.

Hukuk goraýjy edaralarymyz bilen hem birnäçe terbiýeçilik çärelerini geçirip, döwletimiz hukuk binýadyny beketmäge goşant goşjak ýaşlary terbiýelediler.

Mekdeplerimizde döwrebap bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda ene-atalarymyza we haýyr-sahawat ruhly ynsanlarymyza-da bir mümkinçilik döretdi.

20 ýyllyk taryhynda bu mekdepleriň ýetişdiren nesillerini beýle agyr wyždan azabyna duçar edilmegine ýol bermäň. Olaryň hukuk öňünde-de, halkynyň öňünde-de hiçhili ýazygy ýok ahyry. Bularyň yzynda galan bala-çagalaryna, ene-atasyna, beýle agyr adalatsyzlyk pajygasyna ilkinji bolup Siziň ýüregiňiz awasyn!

Redaksiýadan: Okyjynyň haty bolşy ýaly çap edilýär. Onda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

XS
SM
MD
LG