Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak goşunlary "Yslam döwletini" Siriýa bilen aradaky serhetden aşyrýar


Günbatar Mosul, Köne şäherdäki kyn söweş
Günbatar Mosul, Köne şäherdäki kyn söweş

Yrak goşunlary öz harby bölümleriniň we sünni tire söweşijileriniň “Yslam döwleti” toparynyň ekstremistlerini Siriýanyň golaýyndaky Al-Walid serhet geçelgesinden aňryk kowandygyny aýdýar, bu şäher üç ýyla golaý mundan öň YD-nyň eline geçipdi.

17-nji iýunda çap edilen harby beýanatda ABŞ-nyň we Yragyň harby-howa güýçleriniň Yragyň günbatar çetindäki gury ýer hüjümlerine goldaw berendigi aýdylýar.

Al-Walid Siriýanyň serhet şäheri Al-Tanafyň garşysynda ýerleşýär.ABŞ-nyň YD-a garşy we Siriýanyň alty ýyllyk raýat urşunda prezident Başar al-Assadyň hökümetine hem-de ýaranlaryna garşy söweşýän güýçlere kömek bermek üçin ulanýan bazasy hem şu ýerde ýerleşýär.

YD Al-Walidi 2014-nji ýylyň 22-nji iýunynda ele geçirdi, şol wagt YD güýçleri Siriýanyň we Yragyň goşunlaryndan uly territoriýany basyp alyp, Siriýanyň Rakka, Yragyň Mosul şäherlerini özleriniň paýtagtlary diýip jar edipdiler.

Al-Walidiň “Yslam döwleti” toparynyň eline geçmegi jeňçileriň Yrak-Siriýa serhedine kontrollyk etmeklerine hem ýol açdy. Şol wagt olar bu serhedi ýok etmegi hem-de iki arap ýurdunyň territoriýasynda “halyfat” döretmegi wada berdiler.

ABŞ-nyň goldaw berýän söweşijileri indi iki ýurtda-da YD güýçlerine basyş edýärler we jeňçi toparyň soňky söweşijilerini şz jar eden iki paýtagtyndan hem kowup çykarmaga çalyşýarlar.

Birleşen Ştatlar Yragyň hökümet goşunlaryna goldaw bermek bilen bir hatarda Assadyň Damaskdaky hökümetine garşy söweşýän siriýaly kürt pitneçilerini hem goldaýar. Orsýet we Eýran bolsa, öz gezeklerinde, Assady goldaýarlar.

ABŞ güýçleriniň Siriýa tarapda, Al-Tanafyň golaýynda bolmagy Eýranyň arka durmagynda Assadyň hökümetini goldaýan şaýy güýçleriniň esasy Bagdat-Damask ýolunyň boýunda üpjünçilik ýüklerini almagyna päsgelçilik döretdi. Al-Walidiň ele geçmegi bu ýerdäki ABŞ tagallalaryna ýardam etjege meňzeýär.

ABŞ koalisiýasy 6-njy iýunda özüniň, Al-Tanaf bazasyna golaýlamagy netijesinde,Eýranyň arka durmagynda Assadyň adyndan söweşýän harby birikmäni ýok edendigini aýtdy. Russiýa bu hüjümi “agressiýa hereketi” hökmünde ýazgardy.

Pentagon 14-nji iýunda Al-Tanaf bazasyna ýük maşynyna ýüklenen ýokary mobillikli artilleriýa sistemasyny (HIMARS) ýerleşdirendigini aýtdy we bu hem Russiýanyň protest bildirmegine sebäp boldy.

ABŞ-nyň goldawyna daýanýan yrak güýçleri Mosulda dokuz aýa çeken söweşden soň, YD söweşijilerini Köne şäheriň bir dar künjegine gabadylar. Darajyk we adamdan doly köçelerde YD söweşijileri we mergenleri bilen bir hatarda 1000 çemesi asuda adamyň hem çykalgasyz galmagy hüjümiň badyny gaçyrýar.

Siriýanyň ABŞ tarapyndan goldanylýan Demokratik güýçleri, YD-nyň mesgenine jemleýji zarbany urmaga taýýarlanyp, Rakkanyň töwereginde şäheriň demirgazyk, gündogar we günbatar taraplaryny ele geçirdiler.

XS
SM
MD
LG