Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Londondaky metjidiň golaýyna edilen hüjümde bir adam öldi, şübheli tussag edildi


Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Meý

Demirgazyk Londonda bir ýük ulagynyň metjidiň öňündäki märekä gelip urmagy netijesinde bir adam ölüp, 10 adam ýaralandy. Häkimiýetler terroristik hüjüm bolmagy mümkin diýip, bu barada derňew işlerini alyp barýarlar.

Şaýatlar 19-njy iýunda ýerli wagt bilen sagat 00:15-de ýüze çykan hadysany musulmanlara gönükdirilen bilkastlaýyn hüjüm diýip atlandyranlaryndan soňra, polisiýa 48 ýaşly bir adamyň tutulandygyny habar berdi. Bu şübheli ruhy taýdan saglyk ýagdaýyny barlamak üçin keselhana äkidildi.

Polisiýa “bir adamyň ölendigi yglan edildi”, ýöne onuň ulagyň sürüjisi tarapyndan amala aşyrylan hüjüm netijesinde ölendigini aýdardan entek ir diýdi.

“Hüjüm bir adama ilkinji kömek berilýän mahalynda boldy. Ýöne gynansak-da, ol adam öldi” diýip, ýokary derejeli polisiýa işgäri Neýl Basu aýtdy.

Ol soňra hem hüjümçini bu işe itereniň nämedigini aýdardan entek ir, ýöne bolan wakada terroristik hüjümiň ähli alamatlary bar, pida çekenleriň hemmesi musulman diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Basu güman edilýän başga adamyň ýokdugyny aýtdy.

Londonyň Tiz kömek gullugy sekiz adamyň keselhana äkidilendigini, iki adama hem hadysanyň bolan ýerinde bejergi berlendigini bildirdi.

Britaniýanyň musulmanlar geňeşi (MCB) hüjümi Britaniýada soňky aýlarda bolan yslama garşy duşmançylygyň iň zorlukly beýany diýip atlandyrdy. Geňeş ybadat ýerlerinde howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmegine çagyrdy.

MCB Twitterde hadysanyň Finsbury Park metjidiniň golaýynda bolandygyny we ýük ulagynyň namaz okap, metjitden çykyp gelýän adamlaryň üstüne “bilkastlaýyn” sürlendigini aýtdy.

Hadysa oraza aýynda tarawa namazyndan soňra bolýar.

Gürrüňi edilýän metjit radikal ruhany Abu Hamza al-Masriniň wagyzlary sebäpli ýaman ada eýe bolup, ozal ýapylypdy. Abu Hamza 2015-nji ýylyň ýanwarynda terrorizm bilen baglanyşykly aýyplamalar esasynda Amerikada ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi. 2005-nji ýylda gaýtadan açylan metjit şondan bäri ekstremistik garaýyşlar bilen ilteşikli hasaplananok.

Britaniýanyň içeri işler ministri Amber Rud polisiýanyň Londonda bir metjidiň öňünde bolan hadysa terroristik hüjüm diýip şübhelenendigini we şoňa laýyklykda hem hereket edendigini aýtdy.

Premýer-ministr Meý hadysanyň terroristik hüjüm diýip derňelýändigini tassyklap, 19-njy maýda ir ertir gyssagly ministrler ýygnagyny geçirdi.

“Meniň oý-pikirim ýaralanan adamlar, olaryň hossarlary we tiz kömek gulluklary bilen” diýip, Meý aýtdy.

Londonyň şäher häkimi Sadik Han jemagaty, aýratyn-da, oraza ybadatlaryny ýerine ýetirýänleri rahatlandyrmak üçin goşmaça polisiýa güýçleriniň ýerleşdirilendigini bildirdi. Ol hüjüm “biziň umumy gymmatlyklarymyza, çydamlylyga, azatlyga we sylag-hormata edilen hüjüm” diýdi.

Britaniýanyň oppozision Işçi partiýasynyň başlygy Jeremi Korbin hadysanyň özüni “aňk-taňk” edendigini aýtdy.

Soňky aýlarda Britaniýa birnäçe hüjümleri, şol sanda ýaňy 3-nji iýunda ýük ulagy we pyçak bilen amala aşyrylan hüjümi başdan geçirdi.

22-nji martda bir adam kireýine alnan ulagy Westminister köprüsinde adamlaryň üstüne sürüp, bir polisiýa işgärini pyçaklap öldürdi. Ol soňra atylyp öldürildi. Şol hüjümde bäş adam heläk boldy.

22-nji maýda hem janyndan geçen bir hüjümçi Mançester şäherinde konsertden çykyp gelýän märekäniň içinde özüni partladyp, 22 adamy öldürdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG