Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain prezidenti Ak tamda Tramp bilen duşuşýar


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko we ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko we ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko 20-nji iýunda Waşingtonda prezident Donald Tramp bilen duşuşýar. Kiýew bu duşuşygy Birleşen Ştatlaryň täze administrasiýasy bilen Ukraina arasyndaky gatnaşykda möhüm ösüş diýip gutlady.

Tramp bilen Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň 7-8-nji iýulda Germaniýanyň Hamburg şäherinde geçjek G20 sammitinde ilkinji gezek birek-birege ýüzbe-ýüz bolmagyna garaşylýar. Poroşenkonyň ondan öň Tramp bilen duşuşmagyna bolsa Ukrainada uly utuş diýip garalýar.

“Ukrainanyň prezidenti hökmünde meniň Ak tamda duşuşmagymyň Putiniň duşuşmagyndan öň bolmagy örän möhüm” diýip, prezidentiň edarasy häzir Birleşen Ştatlarda ýören Poroşenko salgylandy.

Ak tam Poroşenkonyň 20-nji iýunda Tramp, şeýle hem wise-prezident Maýik Pens bilen duşuşjakdygyny aýtdy.

Poroşenkonyň aýtmagyna görä, ol döwlet departmentiniň, goranmak departmentiniň, şeýle hem söwda we energiýa departmentleriniň hem ýokary derejeli resmileri bilen-de duşuşar

“Howpsuzlyk, syýasy we ykdysady ugurlardaky hyzmatdaşlygymyz barada takyk pikir alyşmak üçin, bular ýaly güýçli sapar ozal hiç haçan bolanok” diýip, Poroşenko aýtdy.

Ol Birleşen Ştatlaryň senatynyň Orsýetiň garşysyna täze sanksiýa girizmek baradaky kararyny gutlap, “agressory Ukrainadan kowmak”, ýaragly güýçleri we harby enjamlary çykarmak üçin, bu çäreler bir medeniýetli mehanizm diýdi.

Amerikan senaty 2016-nji ýylda Birleşen Ştatlaryň saýlawlaryna garyşmagy sebäpli Orsýeti jezalandyrmak, şeýle-de Trampy häzirki sanksiýalary ýeňilleşdirmek islän halatynda, Kongresiň razylygyny almaga mejbur etmek üçin geçen hepde täze sanksiýalary goldap, köpçülikleýin ses berdi.

Bu iş saýlawlara garyşmagy hem-de 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym regionyny bikanun özüne birikdirenligi üçin, Orsýeti jezalandyrmak maksady bilen edildi. Moskwa özüniň amerikan saýlawlaryna garyşandygyny inkär edýär.

Poroşenkonyň sapary Ukrainanyň ýaragly güýçleri bilen ýurduň gündogarynda Orsýet tarapdan goldanýan separatistleriň arasyndaky konfliktiň, Minsk ylalaşygy diýip tanalýan parahatçylyk şertnamasyna garamazdan, barha güýçlenýän mahalyna gabat gelýär.

Fransiýanyň we Germaniýanyň araçylyk etmegi bilen 2015-nji ýylyň fewralynda Orsýet we Ukraina tarapyndan gol çekilen Minsk parahatçylyk ylalaşygynda atyşyklaryň bes edilmegine, agyr ýaraglaryň serhet liniýasyndan çekilmegine we gündogar Ukraina köpräk awtonomiýa bermek üçin, baş kanuna reforma girizilmegine çagyrylýar

Birleşen Milletler Guramasynyň 13-nji iýunda çykaran hasabatynda 2014-nji ýylyň aprel aýynda başlanaly bäri bu konfliktde azynda 10090 adamyň ölendigi bellenýär. Bularyň 2777-si parahat ilatdan.

XS
SM
MD
LG