Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabatda saýaly baglar çapylýar

Geçen hepdäniň penşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň üstünden wertolýotly uçup, paýtagtyň köçe-ýol ulgamyny abadanlaşdyrmak işine ‘jogapkärsizlik’ bilen çemeleşilendigini aýdyp, öz nägileligini bildirdi. Prezidentiň Aşgabadyň üstünden eden bu “tanyşlyk uçuşlarynyň” yz ýany, paýtagtda, hususanda, Parahat-4 etrapçasynda saýaly baglary çapyp aýyrmak çäresiniň güýçlenendigi habar berilýär.

XS
SM
MD
LG