Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda "prezidenti mahabatlandyrmak" gadaganlygy


Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew

Özbegistan we onuň goňşusy bolan owalky sowet respublikalarynda awtokrat liderlere bagyşlanan ýörite aýdymdyr goşgulary okamagyň taryhy diýseň aňyrdan gelýär. Ýöne Daşkent hökümeti indi şol gadymy endik bilen hoşlaşmak isleýär.

Eger bu başa baraýsa, onda Özbegistan tutuş Merkezi Aziýada nusgalyk bolar.

Häkimiýet organlary döwlet resmilerini mahabatlandyrýan aýdymlary aýdýan we olary ýazýanlara garşy ýörite jerimeleriň ýola goýuljakdygy, galyberse-de olaryň rugsatnamalarynyň hem ýatyryljakdygy barasynda duýduryş edipdir.

Munyň bilen baglanşykly beýannama, Özbegistanyň dynç alyş guramaçylyk işlerine seredýän Özbekkonsert trestiniň iýunyň öňüsyrasynda geçirilen mejlisinde yglan edilipdir.

Guramanyň başlygy Azamat Haýdarow internetiň üsti bilen ýaýradylan ýüzlenmesinde şeýle diýýär: "Döwlet ýolbaşçylarynyň alyp barýan işlerini mahabatlandyrýan klipleri taýýarlamak etikasyzlykdyr".

Şeýle beýannamanyň öňýanynda, bir özbek aýdymçy zenanyň täze prezident Şawkat Mirziýoýewe bagyşlap aýdan aýdymy berk tankyt edilipdir.

49 ýaşyndaky aýdymçy we aktrisa Dilfuza Ismoilowanyň klipinde şeýle sözler aýdylýar: "Goý, bu ýurduň soltanynyň abraýy arşa galsyn". Aýdym "Youtube" ulgamyna 21-nji maýda goýlupdyr we ondan soň hem pozulypdyr.

Aýdymyň sözlerinde Mirziýoýew "gelşikli soltan", "Allanyň ýerdäki kölegesi" we "arzyly ynsan" görnüşinde mahabatlandyrylýar.

Aýdymçy zenan Dilfuza Ismoilowa
Aýdymçy zenan Dilfuza Ismoilowa

​Wideoda prezident Kerimowyň döwründe 13 ýyllap primýer-ministr bolan Mirziýoýewiň hut özi hem görkezilýär. Azatlyk Radiosynyň özbek gullugyna interwýu beren ol aýdymçy zenan aýdymyň öz wyždanyndan we ýüreginden dörändigini nygtapdyr.

Muňa garamazdan, ol aýdym Özbegistanda sosial mediany ulanýanlaryň arasynda, berk tankyt edilipdir. Olaryň köpüsi öz ýurdunyň goňşy Türkmenistanyň gününe düşmeginden howatyrlanýandygyny ýaňzydypdyr.

Golaýda Türkmenistanyň döwlet telekanallarynda prezident Berdimuhamedowyň ejesini mahabatlandyrýan bir aýdym görkezilipdir.

Prezidentiň ejesi "şeýle beýik adamy dünýä indirendigi üçin" mahabatlandyrylýar.

Gazagystanda bolsa prezident N. Nazarbaýewe bagyşlanan üç bölümli "Baştutanyň ýoly" atly kinofilm surata düşürilipdi.

XS
SM
MD
LG