Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýran Türkmenistan we Gazagystan bilen demirýol gatnawyna başlamakçy


Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň açylyş dabarasy, 3-nji dekabr, 2014

Gazagystanyň we Türkmenistanyň otlulary in taýdan tapawudyna garamazdan Eýranyň demir ýollaryndan peýdalanyp bilerler diýip, Eýranyň Demirýollarynyň halkara transport gullugynyň başlygy 19-njy iýunda Trend agentligine aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, Eýranyň demir ýollarynyň ini 1435 millimetr, postsowet ýurtlarynyňky 1520 millimetr diýip Trend belleýär.

Eýran, Türkmenistan we Gazagystan öz demirýol liniýalaryny birleşdirip, Merkezi Aziýanyň we Pars aýlagynyň Bandar portunyň arasynda aragatnaşygy ýola goýdular.

Üç ýurduň arasynda 2007-nji baglaşylan ylalaşyga görä, 2014-nji ýylyň dekabr aýynda açylan uzynlygy 925 kilometrlik Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly Demirgazyk-Günorta halkara transport sistemasynyň bölegi bolup, deslapky plana görä, ýylda 3-5 million tonna möçberde ýük daşamagyň göz öňünde tutulýandygy geljekde munuň 10-12 million tonna çenli artdyrylmagynyň mümkindigi habar berilipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG