Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-Hytaý hyzmatdaşlygy Demirgazyk Koreýa basyşy güýçlendirer


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Reks Tillerson (Çepden birinji)
Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Reks Tillerson (Çepden birinji)

21-nji iýunda ABŞ-nyň we Hytaýyň ýokary derejeli resmileriniň arasynda geçiriljek gepleşikleriň dowamynda, Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýarag maksatnamasy we balisik raketalary bilen döredýän dowlunyň maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Reks Tillerson bilen Goranmak ministri Jeýms Mattis Waşingtonda Hytaýyň Döwlet geňeşçisi Ýang Jiki (Yang Jiechi) we Hytaýyň Merkezi Harby Komissiýasynyň garamagyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň başlygy, general Fang Fenguny (Fang Fenghui) kabul eder.

Tillerson we Mattis Demirgazyk Koreýa howpy meselesinde parahatçylykly çözgüt tapmak üçin, Hytaý bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçiliklerine garar diýip, ABŞ-ly resmiler aýdýar.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň Gündogar Aziýa we Ýuwaş okean ýurtlary boýunça kömekçisiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Sýuzan Tornton “duşuşygyň barşynda esasan Demirgazyk Koreýa meselesi maslahat ediler” diýdi.

Şeýle-de, Tornton esasan iki ugur boýunça, ýagny Demirgazyk Koreýany ýadro ýaragyndan mahrum etmek we BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde Demirgazyk Koreýadaky režimiň özüni alyp barşyny üýtgetmäge basyş etmek üçin alnan kararlary berjaý etmekde, Birleşen Ştatlaryň we Hytaýyň pozisiýasynyň meňzeşdigini aýtdy.

Ol: “Meniň pikirimçe, Hytaý Demirgazyk Koreýany pälinden el çekdirmek üçin, biz bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirip, bu ugurda halkara derejesinde uly işler alyp barýar” diýdi.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Kim Ýong Unyň diýdimzor hökümetine basyş etmek üçin, Hytaý özüniň ykdysady mümkinçiliklerinden peýdalanar diýip garaşypdy. Ýöne Tramp 20-nji iýunda özüniň Twitter hasabynda Demirgazyk Koreýa boýunça Hytaýyň bitirjek bolýan işleriniň gadyryny bilýändigini aýtmak bilen bir hatarda “işler oňyn ýöränok” diýip ýazdy.

Trampyň bu ýerde anyk näme diýjek bolany, ýagny bu mesele boýunça umumy gürrüň edýändigi ýa-da hususan-da Demirgazyk Koreýanyň türmesinden boşadylyp, 19-njy iýunda aradan çykan Ohaýoly Otto Warmbier barada gürrüň edýändigi anyklaşdyrylmady.

Warmbier Demirgazyk Koreýada 17 aýlap ýesir saklanypdy we geçen hepde koma ýagdaýynda öýüne goýberilipdi. Onuň haýsy şertlerde koma düşendigi we ölümi baradaky jikme-jiklikler aýan däl.

20-nji iýunda Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti Warmbieriň ölümine Phenýanyň jogapkärdigini aýtdy we Demirgazyk Koreýada häzirki wagtda tussaglykda saklanýan üç amerikan raýatyny boşatmaga çagyrdy.

Tramp Warmbieriň ölümini [Demirgazyk Koreýa üçin] “masgaraçylyk” atlandyrdy.

Warmbier otelden propaganda afişasyny ogurlamaga synanyşykda aýyplanyp, 2016-njy ýylyň mart aýynda 15 ýyllyk agyr zähmetli türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Phenýan Warmbieriň sudundan soň onuň botulizm, ýagny seýrek duş gelýän ysmaz keseline duçar bolandygyny we munuň netijesinde oňa uky dermany berleni bäri onuň koma ýagdaýyndadygyny aýtdy.

Muňa garamazdan, amerikaly lukmanlar Warmbieriň näbelli sebäplerden “agyr newrologiki şikesi” başdan geçirendigini aýdýarlar.

Warmbieriň maşgalasy ölümden soňky ekspertiza barlagyna rugsat bermedi.

XS
SM
MD
LG