Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan bankynda bolan partlamada 29 adam öldi


Adamlar Helmand welaýatynyň Laşkar Gah şäherinde bolan partalamada pida bolanlary alyp barýarlar. 22-nji iýun, 2017 ý.
Adamlar Helmand welaýatynyň Laşkar Gah şäherinde bolan partalamada pida bolanlary alyp barýarlar. 22-nji iýun, 2017 ý.

Owgan resmisi ýurduň günortasynda bolan bombaly ulag partlamasynda, aglabasy parahat ýaşaýjylardan ybarat 29 adamyň wepat bolandygyny aýtdy.

Helmand welaýatynyň metbugat wekili Omar Zwak, 22-nji iýunda welaýatyň paýtagty Laşkar Gahda bolan partalamada 50-den gowrak adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Welaýatyň şäher hassahananasynyň saglyk işgäri Hajy Moladad Tobagar hüjümden soňra öz hassahanalaryna 25 jesediň, şeýle-de 6o ýaralynyň getirilendigini aýtdy.

Pida bolanlaryň arasynda “New Kabul Bankyň” ýerli şahamçasynyň işgärleri, parahat ýaşaýjylar, şeýle-de howpsuzlyk güýçleriniň wekilleri bar.

Zwak bombaly ulagyň Remezan aýynyň tamamlanmagy bilen bellenilýän Oraza baýramçylygynyň öňüsyrasynda özleriniň aýlyk haklaryny almak üçin bankyň daşynda nobata garaşyp duran polisiýa işgärleriniň we harby gullukçylaryň golaýynda partlandygyny aýtdy.

Welaýat geňeşiniň agzasy Mohammad Karim Atal partlamanyň yz ýany bilen bankda ok atyşygyň hem bolandygyny aýtdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini dessine öz üstüne alan bolmady, emma mundan ozal “Talyban” we “Yslam döwleti” ýaly söweşiji toparlar ençeme gezek banklara hüjüm edip, ol ýerde aýlyklaryny almaga garaşyp duran harbylary, polisiýa işgärlerini we beýleki döwlet işgärlerini öldüripdiler.

Geçen aý ýurduň gündogarynda ýerleşýän Gardez şäherindäki bir banka edilen hüjümde azyndan üç adam ölüp, başga-da birnäçe adam ýaralanypdy.

“Talybanyň” esasy galasy hasaplanýan Helmand welaýatynyň territoriýasynyň takmynan 80 göterimine agzalýan ekstremist topar gözegçilik edýär.

Laşkar Gahda bolan hüjüm BMG-niň we Pentagonyň Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlarynyň ýaramazlaşýandygy barada eden duýduryşlarynyň yz ýanyna gabat geldi.

BMG-niň Owganystandaky missiýasy 21-nji iýunda täze hasabat çap edip, ýurtdaky howpsuzlyk ýagdaýlarynyň “aşa durnuksyz” ýagdaýynda galýandygyny aýtdy.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde agzalýan hasabat bilen çykyş eden guramanyň Owganystan boýunça ýörite wekili Tadamiçi Ýamamoto, soňky wagtlarda amala aşyrylýan hüjümleriň ýurtda mundan beýläk has ýaramazlaşýan durnuksyz howpsuzlyk şertleriniň alamaty bolup biler diýdi.

Hasabatda aýdylyşyna görä, ýurtda şu ýylyň 1-nji mart – 31-nji maý aralygynda 6 müň 252 sany howpsuzlyk bilen baglanyşykly hadysa hasaba alnypdyr. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 2 göterimlik artyşy alamatlandyrýar.

Ýurduň gündogar we günorta regionlary has howply ýerler bolup bu regionlardaky howpsuzlyk hadysalarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 22 göterimlik artyş hasaba alnypdyr.

Bu aralykda, Pentagon Owganystanyň has ýiti we durnuksyz howpsulyk ýagdaýlayryna duçar bolýandygyny duýdurdy.

Pentagonyň çap eden täze hasabatynda şeýle diýilýär: “Owgan hökümeti Kabulda, köp ilatly merkezlerde, esasy tranzit-geçiş nokatlarynda, welaýat merkezlerinde we aglaba etrap merkezlerinde gözegçiligi ele geçirdi. Muňa garamazdan, “Talyban” etrap merkezleri ugrunda göreş alyp barýar we welaýat merkezlerine howp salýar. Şeýle-de, jeňçi topar esasan ýurduň Helmand, Gunduz ýaly wajyp sebitlerinde we beýleki käbir regionlarynda aýratyn ähmiýetli habarlaşyk we gatnaşyk liniýalaryny wagtlaýyn gol astyna alýar”.

Soňky hepdelerde “Talyban” we “Yslam döwleti” ýaly jeňçi toparlar Owganystanda yzly-yzyna hüjümleri başlatdylar.

Geçen aýyň ahyrynda we iýun aýynyň başynda degişlilikde amala aşyrlan agyr ýük ulagly hüjümde we janyndan geçeniň hüjüminde ýüzlerçe adam wepat boldy. Munuň netijesinde, ýygjamlaşýan gandöküşiklige we korrupsiýa garşy göreşmäge synanyşýan owgan hökümeti syýasy dartgynlylyga sezewar boldy.

Owganystanda müňlerçe daşary ýurtly halkara harbylar ýerli howpsuzlyk güýçlerini türgenleşdirmek maksatly, şeýle-de terrorizme garşy göreş missiýasynyň çäginde gulluk edýär.

Geçen hepde Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Jim Mattis özüne prezident Donald Trampyň Owganystandaky harbylary düzgünleşdirmek boýunça ygtyýar berendigini aýtdy.

Amerikan mediýasy Mattisiň “çykgynsyz düwün” atlandyran Owganystanyň hökümet güýçleriniň “Talybana” garşy göreşine goşant üçin 3-5 müň sany harby ýollamagy teklip etjekdigini habar berýär.

Häzirki wagtda Birleşen Ştatlaryň Owganystanda 8 müň 400 sany harbysy bar.​
AP, Reuters, BBC we dpa-nyň maglumatlary esasynda taýýarlandy

XS
SM
MD
LG