Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazagystan Siriýa goşun ibermek üçin gepleşik geçirýändigi baradaky maglumaty ret etdi


Gazagystanyň ýaragly güýçleriniň esgeri harby türgenleşikde, Almaty, 6-njy aprel, 2017

Gazagystanyň häkimiýetleri Siriýada “dartgynlylygy gowşatmak” boýunça ylalaşygyň berjaý edilmegine gözegçilik mehanizmine öz goşunlaryny gatnaşdyrmak üçin Orsýet bilen gepleşik geçirýändigi baradaky maglumatlary ret etdiler.

“Gazagystan öz goşunlaryny Siriýa ibermek barada hiç kim bilen, hiç hili gepleşik geçirmeýär” diýip, Daşary işler ministrligi 23-nji iýunda aýtdy.

Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň bu beýannamasy Orsýetiň Gazagystandan we Gyrgyzystandan Siriýada “dartgynlylygy gowşatmak” boýunça gözegçilige ýardam üçin goşun ibermegi sorandygy hakynda Döwlet Dumasynyň goranmak boýunça komitetiniň başlygy Wladimir Şamanowa salgylanyp, berlen maglumatlaryň yzýanyna gabat geldi.

Türkiýäniň mediasy prezident Rejep Taýyp Erdoganyň metbugat wekiline salgylanyp, Orsýetiň Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Siriýa goşun ibermegi sorandygyny habar berdi.

22-nji iýunda Gyrgyzystanyň metbugat-wekili öz ýurdunyň goşunlarynyň Siriýadaky harby çärelere gatnaşmagynyň mümkinçilikleri barada özünde hiç hili maglumatyň ýokdugyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG