Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pakistanda bolan güýçli partlamada azyndan 12 adam wepat boldy


Regional polisiýa müdiriniň edarasynyň golaýynda güýçli partlama boldy, Kwetta, 23-nji iýun, 2017

Pakistanyň günorta-günbatarynda regional polisiýa müdiriniň edarasynyň golaýynda bolan güýçli partlamada azyndan 12 adam wepat boldy we 24 adam ýaralandy diýip, resmiler aýdýarlar.

23-nji ýunda Balujystan regionynyň paýtagty Kwettada bolan partlamanyň täsiri tutuş şäherde duýuldy, golaýdaky jaýlaryň aýnalary düşdi diýip, polisiýanyň metbugat-wekili Şahzada Farhat aýtdy.

Ýerli keselhananyň metbugat-wekili Wasim Beg ýaralanan adamlaryň ençemesi agyr ýagdaýda diýip habar berdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.

Pakistanyň tebigy resurslara baý Balujystan regiony Owganystan we Eýran bilen serhetleşýär we 2004-nji ýyldan bäri yslamçy söweşijileriň hüjümlerine we separatistleriň gozgalaňlaryna duçar bolýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG