Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“MTS-Türkmenistan” mobil bazaryndan çykarylyp, ýokardan "Aý Nazar" getirilýär


 MTS-iň Aşgabatdaky ofisi, 2009 ý.
MTS-iň Aşgabatdaky ofisi, 2009 ý.

Türkmenistanda ýakyn wagtda täze öýjükli aragatnaşyk ulgamyny işe girizmek planlaşdyrylýar.

Bu täzelik Türkmenistanda Russiýanyň “MTS-Türkmenistan” mobil aragatnaşyk kärhanasynyň işgärlerine başga iş gözlemegiň maslahat berlendigi barada ýaýran maglumatyň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmen hökümetiniň anna güni geçirilen mejlisinde aýdylmagyna görä, täze öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň ady “Aý Nazar” bolup, ol prezidentiň ilaty ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça ozal beren tabşyryklary esasynda döredilýär.

Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary B.Annameredow täze aragatnaşyk ulgamynyň “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň düzüminde döredilýändigini habar berdi.

“Ol öz hyzmatlaryny “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň hereket edýän tehniki binýadynda amala aşyrar” diýip, TDH-nyň maglumatynda aýdylýar.

Şeýle-de habar gullugy häzir ýurtda aragatnaşygyň “şu görnüşiniň telefon nokatlaryny gurnamak boýunça degişli çäreleriň görülýändigini, hünärmenler üçin ýörite okuwlaryň geçirilýändigini” habar berýär.

Prezident Berdimuhamedow öz gezeginde “Aý Nazar” öýjükli aragatnaşyk ulgamyny döretmek planyny goldap, täze aragatnaşyk ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilmegi barada wise-premýere anyk tabşyryklary beripdir.

Azatlyk radiosy 13-nji iýunda “MTS-Türkmenistan” mobil aragatnaşyk operatorynyň ýurtda işlemek boýunça baglaşan şertnamasynyň tamamlanýandygy we ony uzaltmak ugrunda gepleşilýändigi barada habar beripdi.

“MTS-Türkmenistan” hojalyk jemgyýeti bilen Türkmenistanyň döwlet kärhanasy bolan “TürkmenTelekomyň" arasyndaky iş 5 ýyllyk şertnamasyna 2012-nji ýylda gol çekildi we şonda belli bir şertleriň ýerine ýetirilmegi bilen bu ylalaşygyň ýene 5 ýyla çenli uzadylyp bilinjekdigi aýdyldy.

Emma Azatlygyň çeşmeleri, şol sanda “MTS-Türkmenistan” mobil aragatnaşyk operatorynyň käbir resmileri, hökümetiň ýokary gatlaklaryna ýakyn durýan adamlaryň döredýän täze mobil telefon aragatnaşyk ulgamyna has artykmaç şert döretmek üçin,rus kompaniýasynyň lisenziýasynyň uzaldylmajagyny iýunyň ortalarynda habar berdiler.

Türkmenistanyň telekommunikasiýa kompaniýasynyň adynyň efirde agzalmazlygyny soran bir resmisi ýurtda täze ýerli mobil operatoryň deslapky synaglarynyň geçirilýändigini aýtdy.

“Täze mobil operatoryň şu aýyň ahyrynda işläp başlamagyna, ýagny doglan gününde [Türkmenistanyň prezidentiniň 29-njy iýunda belleniljek doglan güni- Reedaksiýanyň belligi] işe girizmek planlaşdyrylýar. Bu operatoryň wirtual görnüşdäki synaglary geçirilip, ondan telefon jaňlary amala aşyryldy” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

MTS kärhanasynyň Türkmenistandaky lisenziýa möhleti 2010-njy ýylyň dekabr aýynda hem uzaldylmandy, netijede rus kompaniýasy ýurtda ilaty mobil hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça 2005-nji ýyldan bäri amala aşyran işini togtatdy.

MTS 2011-nji ýylyň başynda Türkmenistandan çekilende 600 million dollar zyýan çekýändigini, şeýle-de türkmen hökümetini suda berendigini yglan etdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şonda MTS-iň ‘çekdim” diýýän zyýanynyň öweziniň dolunmajakdygyny aýtdy.

Emma muňa garamazdan, 2012-nji ýylyň iýulynda MTS özlerine Türkmenistanda işlemek üçin ýene lisenziýa berlendigini aýtdy we iki tarapyň kanuny şikaýatlarynyň ýatyrylandygy mälim edildi.

Azatlyk radiosynyň ynamdar çeşmesiniň maglumatyna görä, Türkmenistanda täze döredilýän mobil aragatnaşyk ulgamynyň “Aý Nazar” ady Aýnabat we Nazar diýen adamlaryň atlaryndan alnyp, olar mobil bazaryna ýurduň prezidentiniň ýakyn töwerekleriniň goldawy esasynda, erkin we kanuny bäsleşik düzgünlerini bozmak bilen, ýokardan ornaşdyrylýar.

XS
SM
MD
LG