Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

“MTS-Türkmenistanyň” işgärlerine başga iş ‘gözlemelidigi aýdyldy’


“MTS-Türkmenistanyň” Türkmenistandaky bölümleriniň biri. Arhiwden

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleriniň, şol sanda “MTS-Türkmenistan” mobil aragatnaşyk operatorynyň käbir resmileriniň tassyklamagyna görä, bu kärhananyň işgärlerine başga iş gözlemelidigi aýdylypdyr.

Bu aralykda, Türkmenistanyň “MTS-Türkmenistan” mobil aragatnaşyk operatorynyň ýurtda iş alyp barmak boýunça lisenziýasynyň möhletini uzaltmajakdygy baradaky maglumaty Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki başga-da birnäçe çeşmesi, şol sanda “TürkmenTelekom” döwlet kärhanasyndaky çeşmeleri tassykladylar.

Türkmenistanyň telekommunikasiýa kompaniýasynyň adynyň efirde agzalmazlygyny soran bir resmisi ýurtda täze ýerli mobil operatoryň deslapky synaglarynyň geçirilýändigini aýtdy.

“Täze mobil operatoryň şu aýyň ahyrynda işläp başlamagyna, ýagny doglan gününde [Red: Türkmenistanyň prezidentiniň 29-njy iýunda belleniljek doglan güni] işe girizmek planlaşdyrylýar. Bu operatoryň wirtual görnüşdäki synaglary geçirilip, ondan telefon jaňlary amala aşyryldy” diýip, Azatlygyň çeşmesi belleýär.

Onuň sözlerine görä, “MTS-Türkmenistan” mobil aragatnaşyk operatorynyň umumy lisenziýasynyň möhletiniň 1-nji iýulda däl-de, şu ýylyň sentýabr aýynda tamamlanýar. Ýöne ol MTS-yň käbir işgärleriniň eýýämden täze kärhana işe ýerleşmäge synanyşýandygyny nygtady.

“MTS-iň häzirlikçe lisenziýasy bar, ol heniz tamamlanmady. Ýöne onuň mobil hyzmatlary hödürlemek boýunça ýurduň Aragatnaşyk ministrligi bilen baglaşan şertnamasy tamamlanýar. Bu hut girdeji paýlaşmagyň we abonentlere hyzmat etmegiň şertlerini düzgünleşdirýän dokument. Bu şertnama şu ýylyň sentýabr aýynda tamamlanýar. Ýöne adatça bu dokument 3 aýlyk möhlet bilen uzaldylýan bolsa-da, häzir bu edilmeýär. MTS-iň özünde käbir işgärleriň täze mobil operatorynda işlemek üçin eýýäm iş gepleşiklerine gidendigi barada gürrüň edilýär. Täze kärhana 35 ýaşyna çenli spesialistleriň işe alynjakdygyny aýdylýar” diýip, Türkmenistanyň telekommunikasiýa kompaniýasynyň wekili aýtdy.

Ýeri gelende bellesek, Azatlyk Radiosyna bu maglumatlary türkmen häkimiýetlerine ýa-da "MTS" kärhanasynyň baş edarasyna tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady. Bu barada Türkmenistanyň resmi media serişdelerinde hem maglumat berilmeýär.

13-nji iýunda “Hronika Türkmenistan” neşiri MTS kärhanasynyň işgärleriniň birine salgylanyp, maý aýynyň ortalaryndan bäri lisenziýanyň möhletini uzaltmak barada gepleşikleriň geçirilýändigini habar beripdi. Neşir täze ylalaşyk 1-nji iýula çenli baglaşylmasa, onda mobil operatorynyň lisenziýasynyň togtadyljakdygyna üns çekipdi.

Ýatladyp geçsek, 2012-nji ýylda “MTS-Türkmenistan” hojalyk jemgyýeti bilen Türkmenistanyň döwlet kärhanasy bolan “TürkmenTelekomyň" arasynda 5 ýyllyk ylalaşyga gol çekilip, şonda belli bir şertleriň ýerine ýetirilmegi bilen bu ylalaşygyň ýene 5 ýyla çenli uzadylyp bilinjekdigi aýdylypdy.

MTS kärhanasynyň mundan ozal-da Türkmenistanda lisenziýanyň möhleti uzaldylman togtadylypdy.

Russiýanyň MTS kompaniýasy 2010-njy ýylyň dekabr aýynda, Türkmenistanyň aragatnaşyk bazarynda ilaty mobil hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça 2005-nji ýyldan bäri amala aşyran işini durzupdy. Şol pursat, MTS bilen hyzmatdaşlygyny bes eden Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi öz kararyny MTS bilen şertnamasynyň möhletiniň dolmagy bilen düşündiripdi.

2011-nji ýylyň başynda MTS Türkmenistandan çekilmek bilen 600 million dollar zyýan çekýändigini, şeýle-de türkmen hökümetini suda berendigini yglan edipdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem öz gezeginde, MTS-iň ‘çekdi” diýýän zyýanynyň öwezini dolmajakdygyny aýdypdy.

Mundan soň, ýagny 2012-nji ýylyň iýulynda MTS özlerine Türkmenistanda işlemek üçin lisenziýa berlendigini aýtdy. Şonda MTS-iň Türkmenistandaky lisenziýasynyň togtadylmagy bilen bagly iki tarapyň kanuny şikaýatlarynyň hem ýatyrylandygy mälim edilipdi.

Şol pursat baglaşylan täze ylalaşykda, Türkmenistanda maliýe hasaplaşygynyň alnyp barlyşyna görä, “MTS-Türkmenistanyň", salgytlardan başga-da, “TürkmenTelekoma” her aýda arassa girdejisinden 30% serişde geçirmegi göz öňünde tutulypdy.

Teswirleri gör (7)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG