Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazak žurnalisti türmedäki aktiwistiň açlygyna goşuldy


Ramazan Ýesergepow

Gazak žurnalisti, Betbagtçylykdaky žurnalistler fondunyň başlygy Ramazan Ýesergepow tussaglykdaky gazak aktiwisti tarapyndan yglan edilen açlyga goşuldy.

Ýesergepow 23-nji iýulda Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna bu açlyga, tussagdaky aktiwist Maks Bokaýewe raýdaşlyk üçin, beýleki adamlaryň hem goşulyp biljekdigini aýtdy.

Maks Bokaýew 2016-njy ýylda ýer reformalaryna garşy geçirilen köpçülikleýin protestlere gatnaşandygy üçin tussag edildi.

Bokaýewiň garyndaşlary 22-nji iýunda Azatlyk radiosynyň Gazak gullugyna onuň iki hepde bäri açlykda oturandygyny habar berdiler.

Aktiwist bu proteste günbatardaky Atyrau türmesinden demirgazykdaky Petropawl türmseine geçirilendigi üçin, protest hökmünde başlapdyr.

Bokaýew hem beýleki aktiwist Talgat Aýan, sud galp maglumat ýaýradyp, sosial gozgalaňa meçew bermekde, jemgyýetçilik ýygnanyşygy baradaky kanunçylygy bozmakda günäli tapandan soň, hersi 5 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Aktiwistleriň ikisi hem özlerine çykarylan hökümden şikaýat etdi, olar bu hökümleriň syýasy äheňlidigini aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG