Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BAE Katar bilen ylalaşyga Günbatardan 'kepillik' kömegini isleýär


BAE-niň daşary işler meseleleri boýunça döwlet ministri Anwar Gargaş
BAE-niň daşary işler meseleleri boýunça döwlet ministri Anwar Gargaş

Birleşen Arap Emirlikleriniň ýokary derejeli resmisi Katar bilen onuň Aýlak goňşularynyň arasyndaky dawany soňlamagy nazarlaýan islendik şertnama Birleşen Ştatlardan we Ýewropa Bileleşiginden bolan gözegçileriň “kepillendirmesi” gerek bolar diýdi.

Bu krizis 5-nji iýunda, haçanda Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri, Bahreýn, Müsür we beýlekiler, ekstremizmi goldamakda aýyplap, Katar bilen gatnaşyklaryny bes edenlerinde döredi.

Emirligiň daşary işler meseleleri boýunça döwlet ministri Anwar Gargaş 24-nji iýunda bu dawanyň, “Eger-de Katar özüniň ekstremizme we terrorizme goldaw bermeginden el çekse, diplomatiýa arkaly çözülip biljekdigini” aýtdy.

"Eger Katar paýhas ýoluna eýerse...”, Doha bilen ylalaşyk baglaşmak üçin, “bize kepillikler we gözegçilikler gerek bolar” diýip, ol aýtdy. “Ýewropa hem amerikan kepillikleri” diýip, ministr sözüniň üstüni ýetirdi.

"Biz Ýewropa araçylygyny islemeýäris we men ýewropalylar araçy bolmak isleýändir öýtmeýärin. Olaryň wezipesi Katara basyş görkezmekden ybarat bolmaly” diýip, Gargaş aýtdy.

Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystany, Bahreýn we Müsür 22-nji iýunda Kuweýtiň araçylyk etmeginde, Katara 13 punktdan ybarat talaplar sanawyny berdi. Olar “Al-Jazeera” telewideniýesini ýapmagy hem öz içine alýar we bu talaplaryň kabul edilmegi üçin Katara 10 gün wagt berilýär.

Beýleki talaplarda Dohanyň Eýran bilen aglaba gatnaşyklaryny kesmek, ýurduň territoriýasyndaky türk howa bazasyny ýapmak meselesi goýulýar.

Bu talaplarda Kataryň ylalaşygyň şertlerini ýerine ýetirýändigine gözegçilik etmek üçin 10 ýyllyk mehanizmiň hem döredilmegine çagyrylýar.

Gargaş biraz öňGünbatar döwletlerine, şol sanda Birleşen Ştatlaryna. Fransiýa, Germaniýa we Britanyiýa Doha bilen gelnen islendik ylalaşyga gözegçilik etmek haýyşy bilen ýüzlendi.

"Olaryň diplomatik tejribeleri we tehniki bilimleri bar” diýip, Gargaş aýtdy.

Katar 24-nji iýunda bu talaplary “esassyz” diýip atlandyrdy.

"Bu sanawda edilýän talaplar Kataryň başda aýdan zatlaryny tassyklaýar: bikanun gabawyň terrorçylyga garşy göreşe hiç bir dahyly ýok. Bu Kataryň özbaşdaklygyny çäklendirmek, biziň daşary syýasatymyzy jylawlamak üçin edilýär” diýip, Katar hökümetiniň aragatnaşyklar edarasynyň direktory Şeýh Saif al-Thani aýtdy.

Thani bu talaplaryň “esasly we ýerine ýetirerlik” däldigini belledi – bular ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň dawa araçylyk etmek synanyşygynda öňe süren iki şertidi.

Türk prezident Taýyp Ergodan 25-nji iýunda Katardaky türk how bazasyny ýapmak talaby sylagsyzlyk boldy diýdi. Ol Saud Arabystanynda hem, Katarda bolşy ýaly, harby baza döretmäge çagyrdy, emma Riýad jogap bermedi.

Gargaş öz ýurdunyň we onuň ýaranlarynyň Katarda režim çalyşmak isleýändigini ret etdi, emma “edim-gylym özgermesini” isleýändigini aýtdy.

"Alternatiwa ýagdaýy ýitileşdirmek däl. Alternatiwa ýollaryň aýrylmagy” diýip, ol aýtdy. "Biz üçin, haçanda hyzmatdaşlarymyzyň biri işjeň ýagdaýda ekstremistik we terroristik pygyllary wagyz edýän wagtynda, bir kollektiw topar bolup galmak örän kyn” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Katarda ABŞ-nyň Merkezi komandowaniýesiniň Al Udeid bazasy ýerleşýär we şol ýerden diňe Siriýadaky däl, eýsem Yrakdaky we Owganystandaky harby operasiýalara hem gözegçilik edilýär. Bu bazada 10 müň çemesi harby işgär gulluk edýär.

XS
SM
MD
LG