Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň demirgazyk-gündogarynda ýertitreme boldy


Owganystanyň Badahşan regiony
Owganystanyň Badahşan regiony

Owganystanyň demirgazyk-gündogar regionynda 5.4 magnitudaly ýertitreme boldy, diýip ABŞ-nyň Geologiýa barlaglary boýunça guramasy (USGS) habar berýär.

Maglumata görä, ýertitreme Badahşan regionynyň Munjan etrabynyň Kuran obasynda 26-njy iýunda ir sagat dörtde bolupdyr. Bu region Owganystanyň Täjigistan we Pakistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşýär.

Pakistanyň Meteorologiýa edarasy 5.5 magnitudaly ýer sarsgynlaryny hasaba aldy. Geo TV-si ýer titremäniň Pakistanyň Yslamabat we Lahor şäherlerinde duýulandygyny habar berdi. Ýertitremäniň ýetiren zyýany barada maglumat bolmady. Badahşan regionynda soňky ýyllarda ençeme ýertitreme bolupdy.

XS
SM
MD
LG