Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

200 million ABŞ raýatynyň şahsy maglumaty säwlikde ýaýradylypdyr


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

ABŞ-nyň Respublikaçylar partiýasynyň milli komitetiniň kärendeçisi bolan bir marketing firmasy säwlik bilen takmynan 200 million ABŞ-yň raýatynyň iň gizlin şahsy maglumatlaryny ýaýradypdyr.

1,1 terebaýt göwrümdäki maglumat ABŞ-nyň tutuş ilatynyň takmynan ýüzden 62 göterimini emele getirýän raýatlaryň doglan wagty, ýaşaýan salgysy, telefon belgileri we syýasy garaýyşlary ýaly şahsy maglumatlary öz içine alýar.

Ol maglumatlar jemgyýete açyk bolan "Amazon klaud" (wirtuwal bulut) ulgamyna goýlupdyr.

Sepini bilýän her bir adam ol maglumatlara şol ulgamdan eýe bolup bilýär.

Geçen hepde kiberhowpsuzlyk babatda hünärmen Chris Vickery tarapyndan ummasyz bir maglumatyň üsti açylypdyr. Görnüşine görä, ol maglumatlar dürli çeşmelerden jemlenipdir. Olaryň arasynda "Reddit" atly sosial ulgamda gulplanyp goýlan maglumatlar bilen bir hatarda, Respublikaçylar partiýasy üçin maliýe çeşmelerini döredýän komitetlere çenli köpsanly dürli çeşmeler orun alýar.

Maglumat "Deep Root Analytics" atly firma mahsus serwere goýlan bölümlerde saklanýan ekeni. Maglumat ahyrky gezek ABŞ-ň prezidenti Donald Trampyň kasam içip, öz wezipesine başlan wagty bolan ýanwar aýynda täzelenipdir. Ýöne onuň näçe wagtlap internetde durandygy babatda häzirlikçe hiç hili anyk maglumat ýok.

"Biz bu ýagdaýa görä bar jogapkärçiligi tutuşlaýyn öz üstümize alýarys. Şu wagta çenli jemlän maglumatlarymyzyň arasynda, öz ulgamymyzyň talanandygyny görkezýän hiç hili ýagdaýa duçar bolmadyk" diýip, "Deep Root Analytics" atly firmanyň hünärmeni Aleks Lundry "Gizmodo" atly tehnologiýa internet sahypasyna gürrüň beripdir.

"Bu ýagdaý biziň gözümize ilenden bäri biz maglumatyň ogurlanyp bilnäýjek ýollaryny durşy bilen täzeledik we geljekde ogurlanyp bilnäýjek tilsimleriniň öňüni almak üçin, protokollar goýdupdyk" diýip, ol öz sözüniň üstüni ýetirýär.

Bazada şahsy maglumatlardan daşaryn, raýatlaryň dini we etniki ýagdaýy, syýasy garaýyşy, ýaraglara bolan ymtylyşy, abort hukugy we esasy öýjükleriň barlanmagy ýaly pikirlere bolan garaýyşlary ýaly dürli aýratynlykdaky şahsy maglumatlar hem orun alýar.

Faýl atlaryndan we kataloglardan çen tutulsa, agzalýan maglumat bazasy abraýly respublikaçy syýasy guramalar tarapyndan peýdalanmak üçin döredilipdir. Ýygnalan maglumatlar esasynda aslynda mümkin boldugyndan has köp saýlawçy profili döretmek göz öňünde tutulypdyr. Şonuň üçinem haýsam bolsa bir gerekli maglumat tapylmadyk halatynda spredşitlerde şol bölümler boş galdyrylypdyr.

"Şeýle ummasyz milli maglumat bazasynyň internetde ýaýradylmagy we hostingi, şol bir wagtyň özünde-de maglumatyň jemgyýete açylyp, elýeterli ýagdaýa getirilmegi üçin, hatda iň ýönekeýje goragdan hem peýdalanylmazlygy diýseň biynjalyk edýär" diýip, Dan O'Sullivan "Upguard" internet sahypasynda ýazan blog postunda nygtaýar.

"Şeýle görnüşdäki maglumatyň ýygnalyp, howpsuzlygy doly üpjün edilmän saklanmagy, hususy firmalaryň we syýasy kampanýalaryň... raýatlaryň öňündäki jogapkärçiligi hakda sowallary döredýär".

Syýasy partiýalaryň adaty görnüşde dowamly ýagdaýda saýlawçylaryň maglumatlaryny ýygnamagy hemmelere äşgärdir. Ýöne bu häzire çenli ABŞ-da döredilen iň köp saýlawçy maglumat bazasydyr.

"Bu dogrydanam diýseň güýçli ynjalyksyzlyk döredýär. Bu diňe bir çynlakaý däl, şol bir wagtyň özünde hem juda gizlin maglumatdyr. Ol ýerde adamlaryň özüni nähili alyp barýandygy barasynda synlar, pikirler we analizler bar. Raýatlar olaryň hiç haçan haýsam bolsa bir adam bilen paýlaşylmagy islemeýärler" diýip, "Privacy International" guramasynyň işgäri Frederike Kaltheuner "BBC News" internet sahypasyna beren gürrüňinde belleýär.

Ýöne maglumatyň ýygnalmagy we adamlaryň özüni alyp barşynyň analiz edilmegi üçin ýörite kompýuter programmasyndan peýdalanmagy meselesi diňe marketing firmalaryna mahsus däldir. "Privacy International" guramasynyň bildirmegine görä, bütin internet reklama ekoulgamy edil şonuň ýaly kadada iş alyp barýar.

"Bu demokratiýa üçin diýseň howpludyr. Respublikaçylar partiýasy aç-açan ýygnalan, kommersiýa ýoly bilen jemlenen maglumata bil baglapdyr. Bir gurama bil baglap beren şol maglumatlarynyň soň hut olaryň özüne garşy syýasy hüjümler gurnalýan bazada boljagyny hiç kim öňünden çak edip bilmezdi. Maglumatlary kimiň haýsy maksat bilen peýdalanjagyny bilip, şoňa görä-de taýýarlykly bolunmagy zerurdyr" diýip, zenan Kaltheuner aýdýar.

Säwlik bilen ýaýradylan maglumatyň dürli maksatlar üçin ulanylyp bilinjeginden howatyrlanylýar. Belki-de, häzirki ýagdaýda adamlaryň şahsy maglumatynyň ogurlanmagyndan, tapawutly syýasy garaýyşa eýe bolan raýatlaryň haýbatlara duçar edilmegi ýaly dürli oňaýsyz ýagdaýlaryň ýüze çykaýmagy ahmal.

"Şeýle özboluşly maglumatyň gara interneti ulanyjylar üçin ýörite saklanaýmagy gaty mümkindir" diýip, "Alert Logic" atly kiberhowpsuzlyk firmasynyň hünärmeni Paul Fletcher BBC-ä gürrüň beripdir.

XS
SM
MD
LG