Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan graždan urşunyň soňlanmagynyň 20-nji ýyl dönümini belleýär


Prezident Emomali Rahmon Täjigistan parahatçylyk ylalaşygynyň baglaşylmagynyň 20-nji ýyl dönümine bagyşlanan dabarada, Wahdat şäheri, 27-nji ýun, 2017.

Täjigistan 1990-njy ýyllarda dünýewi hökümetiň we yslamçy güýçleriň ýolbaşçylygyndaky oppozision koalisiýasynyň arasynda bäş ýyllap dowam eden graždan urşuny soňlamak hakynda Parahatçylyk ylalaşygynyň baglaşylmagynyň 20-nji ýyl dönümini belleýär.

27-nji iýunda paýtagt Duşenbeden 25 kilometr uzaklykda ýerleşýän Wahdat şäherinde prezident Emomali Rahmonyň çykyşyny we baýramçylyk konsertini öz içine alýan resmi dabaralar geçirilýär.

Şäheriň 30 müň adamlyk sport stadionynda berk howpsuzlyk çäreleri üpjün edildi. Bazarlar ýapyldy we jemgyýetçilik transportyň işi ýatyryldy.

Parahatçylyk ylalaşygy 1997-nji ýylyň 27-nji iýunynda Rahmonyň we Birleşen täjik oppozisiýasynyň lideri Said Abdullo Nuriniň arasynda Moskwada baglaşylypdy. Taraplaryň arasynda ylalaşyk gazanmak ugrunda BMG-niň howandarlygynda ençeme gepleşikler geçirilipdi.

Ylalaşyk hökümetdäki wezipeleriň 30%-niň Birleşen täjik oppozisiýasynyň agzalaryna berilmegini göz öňünde tutýar.

Täjigistan şondan bäri ýurduň resmi hasaba alnan Yslam gaýtadan döreýiş partiýasyny gadagan etdi we onuň ýokary derejeli birnäçe wekilini terrorçylyk bilen bagly aýyplamalaryň esasynda tussag etdi.

Täjigistana 1992-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýän Rahmon başga pikirliligi basyp ýatyrmakda we hökümet edaralarynda korrupsiýa ýol bermekde ýazgarylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG