Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň jemgyýetçilik awtoulaglarynyň gatnawy seýrekledi


Aşgabadyň jemgyýetçilik awtoulag gatnawynyň seýrekländigi habar berilýär.

Ir ertirden işe gitmek üçin ýola çykanyňda, jemgyýetçilik awtoulaglarynyň wagtynda gatnamaýanlygy keýpiňi gaçyrýar.

“Duralgalarda ýola garap duran adamlaryň kimsi işden gijä galýar, kimsi çagasyny çagalar bagyna wagtynda ertip bilenok, garaz, ir ertirden adamlar güni keýpsiz garşylaýarlar” diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy, 35 ýaşly işçi Nabat aýdýar.

Onuň sözüne görä, jemgyýetçilik awtoulaglarynyň gatnawy soňky 3 hepdäniň dowamynda ýaramazlaşypdyr.

Esasanam 13-lik, 17-lik, 19-lyk, 32-lik belgili awtobuslaryň gatnaw tertibiniň has ýaramazlaşandygy aýdylýar.

“Haýsy ugra gitjek bolsaňam, şol ugra gatnaýan belgili awtoulaga azyndan 20-25-minutlap, käte 30-40-minutlap garaşmaly bolýarsyň. Ozal bu interwal 15-20-minutdan kän bolmaýardy.

Işiňe wagtynda baryp bolýardy, çagalaryňy wagtynda çagalar bagyna ýetişdirip bolýardy. Soňky günler awtoulag gatnawlarynyň bozulmagy bilen biziňem kadaly düzgünimiz bozuldy, bu bolsa biziň üçin kynçylyk döredýär.

Aziýa oýunlarynyň golaýlaşmagy bilen işleýän edara-kärhanalarymyzda hem talap artyp ugrady, ozal wagtynda iş ýerimize barýan bolsak, indi wagtyndan 10-15 minut öň iş ýerimizde bolmagymyz talap edilýär.

Ynha ýakyn wagtlarda bolsa edara-kärhanalaryň işgärleri üçinem marşirowkalaryň başlanjakdygy aýdylýar.

Onsoň iş ýeriňe ýetişjekmi ýa marşirowka ýetişjekmi, ýa öý-hojalyk işleriňe ýetişjekmi? Sergezdan günde galarys, sende öýüň-maşgalaň bardygy bolsa hiç kimi gyzyklandyrmaýar, şeýle ýagdaýda awtoulaglaryň gatnawnyň ýaramazlaşmagy bilen eneleriň güni has hem kynlaşýar” diýip, Nabat aýdýar.

Jemgyýetçilik awtoulaglarynyň gatnawynyň seýreklemeginiň sebäplerini awtotransport kärhanasyndan sorap, anyk jogap alyp bolmaýandygyny ýaşaýjylar aýdýarlar.

Haýsy belgili awtoulag barada sorasaň, dispetçerleriň “şol liniýada işleýän awtobus şu gün näsazlyk tapyp, bejergä duruzyldy” ýa bolmasa, “siziň aýdýan belgiňiz boýunça goşmaça awtobus ugradylar” diýen ýaly jogap berýändigini aýdýan ýaşaýjylar kän.

Ýöne awtoulaglaryň seýreklemeginiň sebäplerini Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäginde diýip, ýaşaýjylar özara söhbetdeşlikde aýdýarlar.

Olimpiýa şäherçesinde ýa bolmasa beýleki taýýarlyk geçirilýän obýektlerde çärä gatnaşmaly talyplary, mekdep okuwçylaryny şol ýere alyp barmak we çäreden soňra ol ýerden alyp gaýtmak üçin, awtoulaglary ol ýere ugradylýandygy barada maglumatlar bar.

Ol ýa beýleki sebäpleriň bolsa, Aşgabadyň ýaşaýjylaryny yssy günlerde awtobusa garaşyp, duralgalarda durmaga mejbur edýändigini, Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäginde ýaşaýjylar üçin ýüz berýän şeýle bökdençlikleriň Oýunlaryň golaýlaşmagy bilen has hem artjakdygyndan nägile bolýandyklaryny ýaşaýjylardan eşitmek bolýar.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG