Ak tam amerikan prezidenti Donald Tramp bilen Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modiniň Pakistany “beýleki ýurtlara garşy terroristik hüjümler üçin öz territoriýasyndan peýdalanylmagyna” ýol bermezlige çagyrandyklaryny aýdýar.
Iki lideriň 26-njy iýunda Waşingtonda geçen ilkinji ýüzbe-ýüz duşuşygyndan soňra çykarylan beýannamada, olaryň şeýle hem abanýan howplara, şol sanda Pakistanda ýerleşýän ýarym harby topar Jaiş-e Mohammada we Laşkar-e Taiba garşy hem hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi wada edendikleri aýdylýar.
Soňky ýyllarda hindi territoriýasynda bolan hüjümlerde Deli düýbi Pakistanda ýerleşýän ýarym harbylary günäleýär.
Ak tam şeýle-de Birleşen Ştatlaryň tanymal kaşmirli söweşiji Seýit Salahuddini “ýörite bellenen global terrorist” diýip yglan etmek baradaky kararyna hem Hindistanyň “ýokary baha berendigini” aýtdy.
Modi Birleşen Ştatlara barmazdan birnäçe sagat öň Amerikanyň Döwlet departmenti Salahuddine garşy sanksiýa girizdi. Beýleki ady Mohammad Ýusuf Şah bolan Salahuddin düýbi Pakistanda ýerleşýän we gimalaý regiony Kaşmire Hindistanyň kontrollyk etmegine garşy göreşýän esasy gozgalaňçy topar Hizb-ul-Mujadideene ýolbaşçylyk edýär.
Bu göçüm bilen Salahuddiniň Birleşen Ştatlarda transaksiýa işlerini alyp barmagynyň öňi böwetlenýär.
Bu Pakistan bilen Hindistan arasynda dawaly region bolan Kaşmirde onlarça ýyl bäri gozgalaňçylara garşy söweş alyp barýan Hindistan üçin diplomatik ýeňiş hasaplanýar.
Geçirilen gepleşiklerden soňra Tramp Hindistanyň “radikal yslamçy terrorizme” garşy göreşde Birleşen Ştatlar bilen ýaranlyga razy bolandygyny aýdyp, 2.4 milliard dollar möçberinde harby uçar satyn alandygy üçin, Modä minnetdarlyk bildirdi.
Tramp administrasiýasy ilkinji gezek Hindistana çylşyrymly goranyş tehnologiýasyny satýar. Bular ýaly tehnologiýalar bilen ozal diňe Amerikanyň ýakyn ýaranlary üpjün edilerdi.
Ak tam ýaragsyz dron uçarlarynyň satylmagy Pakistana howp abandyranok diýýär.
Tramp tarapyndan edilen göçümleriň Amerikanyň Pakistan baradaky syýasatynyň berkleşmeginiň alamatymy ýa däl, bu belli däl. Owganystan baradaky strategiýasyny gözden geçireninde, administrasiýanyň ýarym harbylara öz territoriýasynda pena bermegi üçin, Pakistana garşy has berk tutum hakda oýlanýandygy habar berlipdi.
“Biziň milletlerimiziň ikisi-de terrorizm belasyndan zarba iýdi. Biziň ikimiz-de terroristik guramalary we olary herekete getirýän radikal ideologiýany dargatmaga kararly. Biz radikal yslamçy terrorizmi dargadarys” diýip, Modiniň gapdalynda duran Tramp aýtdy.
Modi hem terroristleriň penalanýan ýerlerini “söküp taşlamagyň” möhümdigini nygtady.
Iki ýolbaşçy söwda gatnaşyklaryny gowulandyrmak barada hem pikir alyşdylar.
Tramp Hindistanyň Birleşen Ştatlar boýunça uly söwda artykmaçlygyny tankytlap, bu ýurdy Parižiň klimat ylalaşygyndan peýdalanmaga synanyşmakda aýyplady. Deli hem muny şol bada ret etdi.
Trampyň Birleşen Ştatlarda işleýän müňlerçe hindistanly tilsim inženerleri tarapyndan ulanylýan amerikan wiza programmasyny düýpleýin gözden geçirmek baradaky teklibi hem Delini aladalandyrýar.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.