Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran 'toslama bahanalardan' tutaşjak 'dartgynlylyk' boýunça ABŞ-a duýduryş berýär


27-nji iýunda Siriýanyň howa bazalaryna sapar edýän Assad Birleşen Ştatlaryň duýduryşlaryna jogap bermedi.
27-nji iýunda Siriýanyň howa bazalaryna sapar edýän Assad Birleşen Ştatlaryň duýduryşlaryna jogap bermedi.

Eýran ABŞ-ny Siriýa boýunça “howply dartgynlylygy” tutaşdyrmakda aýyplaýar. Waşington prezident Başar al Assadyň ýene-de bir himiki hüjüme taýýarlanýan bolmagynyň ahmaldygyny aýdyp, eger-de muny amala aşyrsa Assada “berk gaýtargy” beriljekdigini duýdurypdy.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif 27-nji iýunda öz Twitter hasabynda: “Birleşen Ştatlar Siriýada ýene-de toslama bahanalary orta atyp dartgynlylygy güýjedýär, emma bu ýagdaý häzirki wagtda siriýalylaryň we yraklylaryň bileleşip Siriýadan kowup çykarýan ‘YD’ ekstremist toparynyň bähbitlerine hyzmat eder” diýip ýazdy.

Eýranyň aýyplamalary Siriýada amala aşyryljak himiki hüjüme garşy Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makronyň Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde göreşjekdigi barada eden çykyşynyň yz ýanyna gabat geldi.

Orsýet bilen Eýran Assadyň iň ýakyn ýarany bolup durýar. Kreml hem täze himiki hüjüm baradaky habarlary “kabul ederliksiz haýbatlar” hasaplap Waşingtony ýazgardy. Eýran Assady harby goşun bilen üpjün edýär, Orsýet bolsa Assadyň gozgalaňçylara we ‘YD’ ekstremistlerine garşy alyp barýan söweşine özüniň howa güýçleri bilen ýardam berýär.

27-nji iýunda Birleşen Ştatlar Siriýa hökümetiniň himiki ýaraglar arkaly hüjüme taýýarlyk görýändigini ýaňzydyp, eger-de bu hüjüm amala aşyrylsa “gaýtargynyň örän berk boljakdygyny” duýdurdy.

Pentagon hüjüme taýýarlyk häsiýetli işjeňligi Siriýanyň “Şaýrat” harby howa bazasynda anyklandygyny mälim etdi.

Ak tam, aprel aýynda gozgalaňçylaryň eýeçiligindäki Han Şeýhun şäherine zäherli zarin gazy zyňylmagynyň öň ýany hem şeýle işjeňligiň peýda bolandygyny aýtdy.

Han Şeýhun hüjüminde onlarça adamyň ölümi prezident Donald Trampyň Siriýanyň “Şaýrat” harby howa bazasyna raketa hüjüminiň amala aşyrylmagyny buýruk bermegine getiripdi.

Damask hökümeti özüniň himiki hüjüme taýýarlyk görýändigini inkär edýär. Mundan ozal prezident Assad Han Şeýhun hadysasynyň toslamadygyny aýdyp çykyş edipdi.

Bu aralykda, 27-nji iýunda prezident Makron bilen Trampyň arasynda geçirilen telefon söhbetdeşliginde: “Siriýada himiki hüjüm bolan ýagdaýynda bilelikde gaýtawul bermek üçin çäre görmek zerur” diýip, Fransiýanyň prezidenti aýdypdyr.

Birleşen Ştatlar soňky aýlaryň dowamynda özüniň Siriýadaky harbylarynyň sanyny artdyryp, ony takmynan 1000-e ýetirdi. Sebäbi, Pentagon “Yslam döwleti” (‘YD’) ekstremist toparyna garşy göreş kampaniýasyny ýygjamlaşdyrýar. Birleşen Ştatlaryň goldawy astyndaky gozgalaňçy güýçler agzalýan ekstremist topara garşy Rakkada göreş alyp barýar.

Ýöne Birleşen Ştatlaryň harby güýçleri gürrüňi edilýän söweş meýdanynda hereket edýän siriýaly we eýranly güýçler bilen hem çaknyşmaly bolýar.

Mysal üçin, ol ýerde ABŞ Eýranyň birnäçe dron uçaryny urup düşürdi, Siriýa hökümeti bilen ýaranlyk edýän Eýran goldawly jeňçileri bombalady, şeýle-de Siriýanyň harby uçaryny urup ýykdy. Pentagon agzalýan uçaryň ABŞ goldawyndaky gozgalaňçy güýçlere hüjüme barýandygyny aýtdy.

Ak tam 27-nji iýunda Siriýadaky himiki hüjüm babatda diňe bir Assada däl onuň ýaranlaryna-da duýduryş berýändigini aýdyňlaşdyryp mälim etdi.

ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Nikki Haleý: “Häzir biziň maksadymyz diňe bir Assada duýduryş bermek däl, eýsem Orsýet we Eýrana-da duýduryş bermek” diýdi.

27-nji iýunda Siriýanyň howa bazalaryna sapar edýän Assad Birleşen Ştatlaryň duýduryşlaryna jogap bermedi. Agzalýan bazada Orsýetiň harbylary we harby uçarlary hem bar. Orsýetiň Baş ştabynyň başlygy general Waleriý Gerasimow bilen bilelikde sapar edýän Assad “Su-35” kysymly rus harby uçarynyň uçarman kabinasyna çykyp gördi.

“Rus doganlarymyzyň ýardamlaryny Siriýa halky ýatdan çykarmaz” diýip, Assad Hmeýmim bazasyndaky myhman depderinde ýazgy galdyrdy.

XS
SM
MD
LG