Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“LG” we “Coca-Cola Türkmenistan” Aziýa oýunlaryna hemaýat eder


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýerine ýetiriji komiteti “LG International Corp” (LGI) we “Coca-Cola Türkmenistan” kompaniýalarynyň şu ýyl Aşgabatda geçiriljek bu halkara bäsleşiginiň ilkinji resmi halkara hemaýatkärleridigini yglan etdi.

“Biz dünýäniň iň uly kompaniýalarynyň ikisiniň biziň Aşgabat 2017 toparymyza goşulýandygyna çuňňur begenýäris. Biz olaryň ýardamlaryna minnetdar. “LGI” we “Coca-Cola Türkmenistan” kompaniýalarynyň ikisi hem saglyk, ruhubelentlik we dostluk ýaly esasy gymmatlyklarymyzy deň paýlaşýarlar” diýip, Türkmenistanyň V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Daýanç Gulgeldiýew aýtdy.

Bu komitetiň resmi websaýtynda çap edilen maglumatda, mundan öň “LG Group” toparynyň hyzmatdaşy bolan “LGI” kompaniýasynyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň, futbol boýunça dünýä çempionatynyň we Halkara kriket geňeşiniň hem hemaýatkäri hökmünde çykyş edendigi aýdylýar.

Emma habarda bu kompaniýanyň Aziýa oýunlaryna berjek hemaýatynyň anyk nähili görnüşde boljakdygy, ýagny munuň maliýe goldawymy ýa-da başgaça hemaýat boljakdygy aýdyňlaşdyrylmaýar.

1998-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň çäginde hereket edýän “Coca-Cola Türkmenistan” kompaniýasynyň Aziýa oýunlaryna goldaw bermek ylalaşyklarynyň çäklerinde türgenleri, topar ýolbaşçylaryny, bäsleşige gatnaşýan işgärleri we meýletinçileri arassa agyz suwy (“Bonaqua”), alkogolsyz içgiler (“Coca Cola”, “Fanta”, “Sprite”) we sport içgiler (“Powerade”) bilen üpjün etjekdigi bellenilýär.

Mundanam başga, bu kompaniýanyň tomaşaçylar we oýunlaryň myhmanlary üçin, Olimpiýa şäherçesinde janköýerler üçin, ýörite zolagy gurnajakdygy nygtalýar.

Bu aralykda, 29-njy iýunda Awstraliýanyň Olimpiýa komiteti şu ýylyň sentýabr aýynyň 17-27-si aralygynda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynda çykyş etmek üçin, awstraliýaly 18 sportsmenden ybarat ýörite toparyň düzülendigini yglan etdi. Bu türgenler agyr atletika, söweş we tekwando ugurlary boýunça ýaryşarlar.

Ýatladyp geçsek, şu ýylyň başynda Awstraliýanyň Milli olimpiýa komitetiniň Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryna öz türgenlerini ugratmajakdygy barada habar berlip, munuň Awstraliýanyň türgenleriniň aglabasynyň öz gün tertibini 2018-nji ýyla görä planlaşdyrandygy bilen baglanyşyklydygy aýdylypdy.

Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda olimpiýa şäherçesine eden saparynyň dowamynda, “Aziada-2017” oýunlarynyň “Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraýynyň ýokary galmagyna ýardam berjekdigini” öňe sürdi.

Emma ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi Aziýa oýunlaryna “meýletin” diýlip, ilatdan mejbury alynýan gatançlar, aýlyklaryň wagtynda berilmezligi, mugallymlaryň we studentleriň aglabasynyň tomusky dynç alşa goýberilmezligi we bu sport çäresi sebäpli paýtagtda girizilen dürli çäklendirmelerden, ilatyň we býujet işgärleriniň kyn ýagdaýlary başdan geçirýändigini aýdýarlar.

Şol bir wagtda, energiýa serişdeleriniň dünýä bazaryndaky bahalarynyň aşaklamagy netijesinde, häzir agyr ykdysady kynçylygy başdan geçirýändigi aýdylýan Türkmenistanyň Aziýa oýunlary üçin görülýän taýýarlyklaryň çäginde, döwlet býujetinden harçlaýan maliýe serişdeleri barada-da, ilat köpçüligine hiç hili maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG