Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Talyplar mejbury taýýarlyklardan nägile bolýarlar


Türkmenistanda köpçülikleýin çärelere taýýarlanýan studentler
Türkmenistanda köpçülikleýin çärelere taýýarlanýan studentler

5-nji Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäginde, talyplaryň tomusky dynç alşa goýberilmän, her gün diýen ýaly olimpiýa şäherçesiniň binalarynda, taýýarlyk çäresine gatnaşdyrylýandygy aýdylýar.

Özüni Osman diýip tanyşdyran ýokary okuw mekdebiniň talybynyň aýtmagyna görä, talyplar bilen şu günler ýangyna garşy göreş boýunça tejribeler geçirilýär.

“Bu çärä diňe bir talyplar däl-de, Aşgabadyň ýangyn söndürijileri hem çekilýärler. Günde-günaşa olimpiýa şäherçesiniň stadionlarynda bu çäre geçirilýär. Ol ýere özüň bilen iýmek-içmek alyp barmaga rugsat berilmeýär.

40 gradusdan geçýän yssy howada diňe bir talyplar däl, bu çärelere gözegçilik etmeli jogapkär mugallymlar hem aşa kösenýärler.

4-5 sagada çekýän türgenleşikde suwsuzlykdan halys surnugýan mugallymlaram, talyplaram özünden gidere golaýlaşýarlar, emma taýýarlygy bes etmeli diýen görkezme berilýänçä, mugallymlaram, talyplaram ýerinden butnap bilmän, boýunlaryny burup, çydam etmeli bolýarlar” diýip, Osman aýdýar.

Çäreleriň guramaçylyksyz ýagdaýda geçýändiginden närazy bolýan mugallymlaram, talyplaram kän.

“Taýýarlygyň maksady olimpiýa oýunlary dowam edýän wagtynda ýangyn ýüze çykaýsa, özüňi nähile alyp barmaly we ýangyny söndürmek üçin nähile hereket etmeli, haýsy gapydan çykmaly we şuňa meňzeşler” diýip, Osman dowam edýär.

“Çäräni alyp baryjy “tomaşaçylara” ýüzlenip, ýangyn dörändigini aýdyp, reproduktorda gygyryp, “tomaşaçylaryň” çykalga tarap ýöremeklerine görkezme berýär.

Bu görkezme boýunça “tomaşaçylar” ikä bölünip, her topar bir gapydan çykmaly. Bu maşklary ýerine ýetiren talyplar ikinji gezek tejribe geçmäge baranlarynda, olardan bir gapydan çykmaklyk talap edilýär.

Şol bir wagtda-da juda tiz hereket edilmegi talap edilýär. Hatda berilýän görkezmäni aňşyryp hem ýetişip bolanok.

‘Boluň basymrak, şlangany eýläk çek, şlangany beýläk çek’ diýip, hem talyplara, hem ýangyn söndürijilere bir wagtda görkezme berilýär.

Bolýar bir başagaýlyk, talyplar basga düşüp, biri-biriniň üstüne ýykylyp ýatany haýsy, yssa çydaman özünden gidip ýatany haýsy” diýip,bu çäreleriň talyplar üçin taýýarlyk däl-de, başa düşen zulumdygy barada Osman gürrüň berýär.

Bu taýýarlyklaryň diňe bir talyplary däl, ýangyn söndürijileri hem horlaýandygyny ýangyn söndürijilerden eşitmek bolýar.

Yssy howada agyr şlangalary eýläk tartyp, beýläk çekip, ylgaşyp, berilýän görkezme boýunça sanly sekundlarda ýerine ýetirilmeli işleri ýerine ýetirip görkezmek üçin, halys surnugýandyklaryny ýangyn söndüriji Sähet aýdýar.

Talyplara garanda, ýangyn söndürijileriň ýagdaýynyň elhalrakdygyny hem talyplardan eşitse bolýar.

Ýangyn söndürijileriň maşynlarynyň kabinasynda içimlik suw bar.Talyplarda bolsa şeýle mümkinçilik ýok. Şol sebäpli suwsuzlykdan kösenýän talyplar çäreden soňra özlerini zordan umumy ýaşaýyş jaýyna atýandyklaryny aýdýarlar.

Adam saglygy üçin alada etmeýän emeldarlaryň bolsa, geçirilýän çäreleriň akylly-başly gurnalmagyny üpjün etmek üçin däl-de, çäreleriň sanawyny alada edýändiklerini bu çärä gatnaşyjylardan eşitse bolýar.

XS
SM
MD
LG