Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO-nyň goranmak ministrleri Owganystandaky çykdajylary artdyrmagy maslahat edýärler


Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Jim Mattis. 29-njy iýun, 2017 ý. Brýussel

29-njy iýunda NATO-nyň düzümine girýän 29 ýurduň goranmak ministrleri Owganystan boýunça howpsuzlyk çykdajylaryny artdyrmak we owgan hökümetiniň “Talybana” garşy göreşine ýardam bermek üçin, has köp harby ýollamagy maslahatlaşmak maksady bilen Brýusselde duşuşýarlar.

NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg (Jens Stoltenberg) maslahatyň öň ýany çykyş edip, guramanyň Owganystandaky harbylarynyň sanyny artdyrmak boýunça ýaranlaryň ylalaşandygyny, emma goşunlaryň söweş rolunyň dikeldilmek meselesiniň duşuşygyň gün tertbinde ýokdugyny aýtdy.

“Men size Owganystandaky harby pozisiýamyzy güýçlendirýändigimizi tassyklap bilerin. Biz nädende ýeterlikli goşun bilen owgan hökümetine “çykgynsyzlygy” çözmäge kömek edip biljekdigimizi, soňlugy bilen syýasy çözgüde geçmegiň ugurlaryny maslahat ederis” diýip, Stoltenberg aýtdy.

Häzirki wagtda NATO-nyň Owganystandaky Aýgytly çözgüt missiýasynyň çäginde, ýarysy ABŞ-nyň harbylaryndan düzülen, 13 müň 500 adamlyk goşuny bar.

Stoltenberg anyk sanlary aýtmazdan, şu wagtda çenli NATO agzasy 15 ýurduň Aýgytly çözgüt missiýasyna goşmaça ýardam bermegi wada berendgini, beýleki ýurtlaryňam şeýle tagallalary göz öňünde tutmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň media maglumatlarynda agzalmagyna görä, goranmak sekretary Jim Mattisiň owgan hökümeti bilen “Talybanyň” arasyndaky “çykgynsyzlyk” atlandyran çaknyşygynyň howuny ýatyrmak maksady bilen Tramp administrasiýasy Owganystana 3 müň – 5 müň adamlyk goşun ýollamagy maslahat edýär.

Agza ýurtlaryň NATO-daky ilçileriniň tassyklamagy bilen, ýaranlar maslahatda howpsuzlyk çykdajylarynyň mukdaryny aýratynlykda görkezerler. 2017-nji ýyl üçin guramanyň umumy çykdajysy takmynan 280 milliard amerikan dollaryna barabar bolar.

Şeýle-de, Stoltenberg 28-nji iýunda, ABŞ-dan başga ähli agza ýurtlaryň öz howpsuzlyk çykdajylaryny 4.3 göterim ýokarlandyrjakdygyny aýtdy. Bu bolsa 2014-nji ýyldan bäri hasaba alnan 46 millard dollarlyk artyş bolar.

“Birnäçe ýyllap dowam eden pese gaçyşlykdan soňra, biz 2015-nji ýylda Kanada bilen bir hatarda Ýewropadaky ähli ýaranlaramyzyň has köp goşant goşandyklaryna şaýat bolduk” diýip, Stoltenberg aýtdy.

NATO agza bolan ýurtlaryň ählisiniň öz umumy ösüş girdejilieriniň 2 göterimini gurama sarp etmekleri maksat edinilýär, emma şu wagta çenli diňe Birleşen Ştatlar, Britaniýa, Estoniýa, Gresiýa we Polşa öz planyny dolup bildi. Bu ýagdaý guramanyň çykdajylarynyň 70 göterimini Birleşen Ştatlaryň gerdenine atdy.

26-njy maýda Tramp Ýewropa Bileleşigine girýan ýurtlaryň liderleri bilen Brýusselde geçiren duşuşygynda, NATO agza ýurtlaryň köpüsini harby çykdajylar boýunça plany dolup bilmezlikde ýiti tankytlady.

Stoltenberg 2017 - 2018-nji ýyllarda ýene-de üç agza ýurduň, ýagny Rumyniýa, Litwa we Latwiýanyň 2 göterimlik plany berjaý etmeklerine garaşýandyklaryny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG