Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tatarystandaky ýol hadysasynda azyndan 14 adam öldi


Agdarylan awtobus
Agdarylan awtobus

Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki TASS habar gullugy Tatarystan regionynyň Zainsk şäheriniň golaýynda ýük maşyny bilen ýolagçy awtobusynyň çakyşmagy netijesinde azyndan 14 adamyň heläk bolandygyny, pidalaryň 2-siniň çagadygyny aýdýar.

TASS ýerli polisiýa bölüminiň sözçüsine salgylanyp, bu wakanyň ýarygijeden sähel soň, 2-nji iýulda bolandygyny habar berdi.

Tatarystanyň Saglyk ministrliginiň sözçüsi azyndan 15 adamyň ýaraly bolandygyny, olaryň dördüsiniň ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdy.

Awtobus Wolga töweregindäki Samara şäherinden Ižewsk şäherine barýan wagty ýük maşyny bilen çakyşyp, agdarylypdyr. Hadysadan soň iki maşyn hem otlanypdyr.

Tatarystanyň prezidenti Rustam Minnihanow 2-nji iýuly ýas güni diýip yglan etdi.

XS
SM
MD
LG