Sepleriň elýeterliligi

John Lennon Britaniýany ÝB-de saklap bilermi?


John Lennon

Ýewropa geňeşiniň başlygy Doland Tuskyň bellemegine görä, Britaniýanyň ÝB-nden çykmak baradaky kararyndan dänmegi üçin şeýle pursat bar.

Häzirki döwürde ÝB bilen Britaniýanyň arasynda "syýasy aýrylşyk" barasynda gepleşikler geçirilýär.

Jenap Tusk tanymal "Beatles" toparynyň aýdymçysy John Lennonyň "Göz öňüne getirip görüň" (Imagine) atly aýdymyndan hem mysallar getiripdir.

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Donald Tusk
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Donald Tusk

Ýewropa geňeşiniň başlygy: "Meniň käbir britaniýaly dostlarym "Brexit" kararyndan dänmegiň mümkin bolup-bolmandygy we şeýle-de Britaniýanyň ÝB-den aýrylmagyny göz öňüne getirip bilýändigim barasynda sowallar berýärler" diýýär.

Tusk: "Men olara, aslynda ÝB durmuşa geçjegini göz öňüne getirip bolmaýan arzuw-hyýallaryň durmuşa geçirilmegi bilen döredildi. Belki, şeýle bolup bilermi?" diýip jogap berýärin.

Syýasatçy britaniýaly dostlaryna Lennonyň sözleri bilen ýüzlenýär:

"Maňa arzuw-hyýalçy diýip bilersiňiz. Ýöne men arzuw-hyýallarda ýalňyz däldirin..."

Aşa antikommunst bolan Polşanyň owalky primýer ministri arzuw-hyýalsyz syýasatyň betbagtçylyk getirjekdigini nygtaýar. Ol, şeýlelikde, Donald Tuskyň realistdigine üns çekýär.

ÝB agza käbir ýurtlar Britaniýanyň golaýda "mylaýym Brexit" syýasatyna geçjegine umyt edýärler.

Şeýle ugry saýlap almak bolsa, Beýik Britaniýanyň Ýewropa bazarynda we gümrük bileleşiginde galjagyny aňladýar.

Görnüşine görä, Londonyň özi hem "mylaýymlyk bilen aýrylmagyň" tarapdary ýaly.

Britaniýanyň ÝB bilen gatnaşyklary doly ýatyrmagy ýurtda Ýewropa bilen baglanyşykly biznes we iş orunlarynyň ýapylmagyna getirip biler.

Şonuň üçinem Britaniýanyň syýasatçylary häzir umumy bazarda galmak barasynda gepleşikler geçirýärler.

Ýöne şeýle ýagdaýyň bolmagy üçin Britaniýa ÝB-de erkin migrasiýanyň dowam etmegine razylyk bildirmelidir.

XS
SM
MD
LG