Sepleriň elýeterliligi

Türkiýäniň orta mekdeplerinde Darwinizm sapagy okadylmaz


Illýustrasiýa suraty

Türkiýäniň orta mekdeplerinde Darwiniň döreýiş teoriýasy okadylmaz.

Ankara hökümeti Ç. Darwin tarapyndan öňe sürlen döreýiş teoriýasynyň "jedelli temadygyny" öňe sürýär.

Türkiýäniň bilim ministrliginiň habar bermegine görä, biologiýa sapagyndan, Darwinizme degişli bolan bölüm 2019-njy okuw ýylynyň planyndan çykarylar.

Türk bilim ministrligi beýannamasyny şeýle tamamlaýar: "Ýaşaýşyň döreýşi we kämilleşmegi" baradaky sapaklar ýokary klaslarda, ýagny synplarda dowam eder.

Magaryf resmileriniň garaýşyna görä, jedelli temalar okuwçylaryň entek özbaşyna oýlanyp, hakykata özüçe göz ýetirip biljek ýaşa gelmänkä okadylyp bilinmez.

Muňa garamazdan, orta mekdeplerde döreýiş teoriýasy barada umumy maglumat berler.

Hökümetiň bu karary ýurduň käbir alymlarynyň berk tankydyna uçar boldy.

Olaryň aýtmagyna görä, şeýlelikde, Türkiýe adamzadyň döreýşi baradaky sapagy gadagan eden iki ýurtdan birine öwrüler. Şeýle sapaklar Saud Arabystanda hem okadylmaýar.

Günbatarda işleýän türk alymlardan Mustafa Akýoluň nygtamagyna görä, döreýiş teoriýasynyň okadylmagy meselesi tä Osman imperiýasy döwründen şu wagta çenli birnäçe gezek gün tertibine getirilipdir. Ýöne indi şeýle üýtgeşikligiň esasy goldawçysy hut prezident Erdogandyr.

Akýoluň bildirmegine görä, Türkiýede şeýle üýtgeşiklik ýurtdaky çakdanaşa dindar toparlaryň gysyşy netijesinde amala aşyrylýar.

Günbatar mediasy bolsa, döreýiş teoriýasy baradaky gapma-garşylykly pikirlere Türkiýedäki dünýewiler bilen dinçileriň arasynda bolup geçýän çaknyşyklarynyň netijesiniň biri hökmünde baha berýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG