Eýranyň Nebit ministrligi Fransiýanyň “Total” kompaniýasynyň Eýranyň deňizdäki gaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça 3-nji iýulda köp milliard dollarlyk ylalaşyk baglaşjakdygyny aýtdy.
Günorta Pars gaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça şertnama 2016-njy ýylda Eýrana garşy halkara sanksiýalary ýatyrylandan soň Eýranda halkara kompaniýalarynyň gatnaşmagyndaky iň uly biznes ylalaşygy bolup biler.
Eýranyň hökümeti ylalaşygyň Tähran tarapyndan nebit ministrliginiň, Eýranyň Petropars we “Totalyň” ýolbaşçylarynyň, şeýle hem Hytaýyň Milli nebit korporasiýasynyňgatnaşmagynda baglaşyljakdygyny aýtdy.
“Total” Eýran bilen deslapky ylalaşyga noýabr aýynda gol çekip, 4.8 milliard dollarlyk proýektiň 50.1%-ni satyn alypdy.
Hytaýyň Milli nebit korporasiýasy proýektiň 30% we Eýranyň Petropars kompaniýasy 19.9% eýe bolar.
Bu gaz ýatagy 1990-njy ýylda açylypdy, şol döwürde “Total” Eýranda iň uly maýa goýujy bolupdy.