Sepleriň elýeterliligi

Özbek ymamy: “Suwa, gaza we toga tölemedikler haja ugradylmaz!”


Daşkentiň ymamy Anwar-gori Tursunow, ‘yslamyň parzlarynyň bäşinjisini, ýagny soňkusyny berjaý etjekler ilki bilen bergilerini tölesin’ diýipdir.

Özbegistanyň media maglumatlarynda ýokary derejeli bir ymamyň suw, elektrik togy, gaz we beýleki hyzmatlar üçin degişli töleglerini tölemedik adamlaryň Mekgä, ýagny haj zyýaratyna goýberilmejekdiklerini duýdurandygy habar berilýär.

Daşkentiň ymamy Anwar-gori Tursunow, ‘yslamyň parzlarynyň bäşinjisini, ýagny soňkusyny berjaý etjekler ilki bilen bergilerini tölesin’ diýipdir.

Tursunowyň 28-nji iýunda resmi ýygnanyşykda eden çykyşy özbek hökümetiniň hyzmatlar üçin tölenmedik üýşen töleglere görýän çäreleriniň alnyp barylýan wagtyna gabat geldi.

Ilatynyň agramly bölegi musulmanlardan ybarat köp sanly beýleki döwletler bilen bir hatarda Özbegistanda-da häkimiýetler öz raýatlarynyň Saud Arabystanyna, Mekgä edýän ýyllyk zyýaratlarynyň tertip boýunça amala aşyrylmagyny ünsli ýola goýýar. Haj zyýaratyna her ýyl millionlarça adam gatnaşýar.

“Eger-de siziň bergiňiz hatda 1 som hem bolsa, zyýaratyňyz kabul bolmaz!” diýip, Tursunow paýtagtda geçirilen “Halkara pres klubynyň” ýygnagynda aýdypdyr. Ymamyň aýdýan somy özbek pul birligi bolup, 1 som 0.0002 amerikan sentine barabardyr. “Şonuň üçinem biz bergidarlaryň uçara münmeklerine rugsat bermeris, sebäbi barybir olaryň zyýaratlary kabul bolmaz” diýip, Tursunow sözüni dowam edipdir.

Daşkentiň ymamy Anwar-gori Tursunow
Daşkentiň ymamy Anwar-gori Tursunow

Haja gitmezden ozal ähli bergilerinden dynmaklary musulmanlara yzygiderli aýdylýar, emma bergili adamyň zyýaratyny çäklendirýän aç-açan gadagançylyk ýok.

Tursunow özbegistanlylary gazyň, suwuň we elektrik togunyň töleglerini wagtly-wagtynda tölemäge çagyrypdyr. Ol: “Käbir adamlar yzygiderli ybadat edýär, haja gidýär, ýöne toga pul tölemeýär. Bu ogurlyk bolýar ahyry” diýipdir.

Ymam “Baýlyklary goramak, sarp edijileriň jogapkärçilikleri hem-de wagtynda töleg medeniýeti” şygary astynda geçirilen we telewideniýede ýaýlyma berlen duşuşykda çykyş etdi.

Özbek hökümeti raýatlardan we edara-kärhanalardan gaz we elektrik togy üçin almaly algysynyň 1.2 milliard amerikan dollaryna barabardygyny aýtdy.

Maý aýynda prezident Şawkat Mirziýoýew prokurorlara algylary almaga ýardam bermek üçin, güýç ulanyjy býuro döretmegi tabşyrdy.

Şeýle-de, hökümet ýerli häkimlikleri, “mähelle komitetlerini”, banklary, bilim we terbiýeçilik edaralaryny, polisiýany we salgyt gulluklaryny bu ugurda mobilizledi.

Ýöne berk gözegçilikdäki Özbegistanda dini ýolbaşçylar agzalýan kampaniýa ilkinji sapar goşulyp, halkyň öňünde çykyş edýär.

Haj zyýaraty musulman kalendarynyň 12-nji aýynda berjaý edilýär. Öňümizdäki haj möwsümi 30-njy awgustda başlanýar.

Gurby çatýan her bir musulman ömrüniň dowamynda azyndan bir gezek haj zyýaratyny berjaý etmeli.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG