Sepleriň elýeterliligi

Ukrainanyň kiçijik kärhanasynyň geçen hepdäniň kiber hüjümi sebäpli suda çekilmegi mümkin


Osçadbankyň bölümi, Kiýew, 27-nji iýun, 2017

Ukrainanyň kiçijik salgyt edarasynyň geçen hepdede tutuş dünýäde kompýuterleriň ençemesine zarba uran kiber hüjüm bilen baglylykda güman edilip, suda çekilmegi mümkin. Kärhananyň özi günäsiniň ýokdugyny aýdýar.

Ukrainanyň Kiber jenaýatçylyklar boýunça polisiýasynyň başlygy Serhiý Demydiuk Kiýewde ýerleşýän “M.E. Doc” kärhanasynyň işgärleriniň öz tehnologiýa infrastrukturasynyň howpsuz däldigini ençeme gezek duýdurandygyny 3-nji iýulda media serişdelerine aýtdy. “Olar muny bilipdi” diýip, Demydiuk AP agentligine aýtdy. Olar bu säwlik üçin jogapkärçilik çekmeli bolarlar.

“Biziň kompaniýanyň ýolbaşçylary bilen meselämiz bar, sebäbi olar öz sistemasynyň programmasynda wirusyň bardygyny bilip, hiç zat etmediler... eger bu tassyklansa, biz iş gozgarys” diýip Demydiuk Reuterse aýtdy.

Emma şirketi dolandyrýan maşgala Olesya Linnik we onuň kakasy Serhiy özleriniň “M.E.Doc” meşhur salgyt programmasynyň wirusyň ýaýramagyna jogapkär däldigini we özlerine garşy ýöňkelýän aýyplamalara düşünmeýändigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG