Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iň gowy etrap Ýolöteniň köçeleri garaňky


2015-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň iň gowy etraby saýlanan Ýolöteniň köçeleriniň biri.
2015-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň iň gowy etraby saýlanan Ýolöteniň köçeleriniň biri.

2015-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap ady berilip, bir million amerikan dollary bilen sylaglanan Ýolöteniniň etrap merkeziniň şu günki gün juda gözgyny ýagdaýa düşendigi barada maglumatlar bar.

Etrap merkeziniň ýaşaýjysy, 77 ýaşly Dursun daýzanyň aýtmagyna görä, köçelerde çyralaryň düýbünden ýanmaýandygyna indi iki ýyl gowurak wagt bolupdyr.

“Bir million amerikan dollary sylag berildi diýilenden soňra, köçelerimiz doly garaňka gaplanyp, ýollarymyz ozalkydan hem çarkandaklyga öwrüldi, agyz suwy meselämizem ozalkysyndan ýaramazlaşmasa gowulaşmaýar.

Gün ýaşandan soňra çagalar däl, uly adamlaram öýlerinden çykmaga ýaýdanýarlar, toý-tomaşa ýa sadaka baryp geljek bolsaň, diňe gündizlerine öýden çykaýmasaň, garaňky köçeler bilen gijesine iki köçe beýläňdäki goňşy-golama hem baryp bolmaýar.

Işsizligiň derejesi welaýat boýunça birinji orunlarda durýan bu etrabyň ýaşaýjylary Balkan welaýatyna, Aşgabada gidip iş gözleginde sergezdan bolup ýörler.

Erkek adamlar iş gözleginde öýlerinde ýatmaýan wagtlary çagalarymyz ata mährinden ganman atasyz ösýärler” diýip, Dursun daýza aýdýar.

Bir million amerikan dollary sylag berlenden soňra, etrap merkeziniň Atçapar adyndaky merkezi köçesiniň ýarym-ýalta asfaltlanandygyny ýaşaýjylar aýdýarlar. “Başga bir göze görnüp duran iş edilmedi. Bar edilen iş şol wagtky etrap häkimi uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi. Emma täze häkimiň bellenmegi bilenem ýagdaý ýaramazlaşmasa, gowulaşmaýar” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.

Etrap merkeziniň köçelerinde ýekeje-de yşyklandyryjy çyra ýanmaýar. Şäheriň çet-gyralary barada aýdylmanda-da, edil demirýol wokzalynyň öňündäki, merkezi köçeleriň hem çarkandaklygyndan pyýada hem ýöräp bolmaýandygyny, edil şol köçelerde toý mekanlarynyň, awtostansiýanyň, hatda etrap milli howpsuzlyk komitetiniň edara jaýynyň ýerleşýändigine seretmezden, köçeleri abatlamak barada asla alada edilmeýär. Tomus tozanyň, gyş batganyň derdinden, awtostansiýa barjak ýolagçylaryňam, demirýol hyzmatlaryndan peýdalanýan ýolagçylaryňam juda kösenýändiklerini ýaşaýjylardan eşitmek bolýar.

Etrap merkezini ikä bölýän demirýoluň üstünden köpriniň ýokdugyny, adamlaryň indi şol ýol gurulaly – 100 ýyldan hem gowurak wagt bäri ötüp-geçip durandyklaryny, munuň bolsa howply ýagdaýdygyny 94 ýaşly Geldimyrat aga aýdýar. Demirýoluň iki ýüzündäki ýaşaýjylaryň artýandygyny göz öňünde tutup, howpsuz geçer ýaly köpriniň gurulmaýandygyndan zeýrenýän köp.

“Men özümi bilip, şu demirýoluň üstünden geçýän ýaşaýjylarda ençeme pajygaly ýagdaýlar ýüze çykdy. Emma Soýuz döwri hem, garaşsyzlyk döwri hem demirýoluň üstünden bir köpri gurmag-a däl, hatda demirýol wokzalyna perron gurmaga hem döwletde serişde tapylmady” diýip, Geldimyrat aga etrabyň çäginden önýän tebigy baýlyklaryň nirä sarp edilýändigi barada ýaşaýjylarda hatda az-owlak düşünjäniň hem ýokdygyny sözüne goşýar.

XS
SM
MD
LG