Sepleriň elýeterliligi

Aşgabadyň sowadyjyly duralgalaryna ýolagçylar goýberilmeýär


Aşgabadyň içi sowadyjyly awtobus duralgalarynyň biriniň daşynda duran ýolagçylar

Aşgabadyň esasy şaýollarynyň ugrunda ýerleşen we özüniň görnükliligi bilen tapawutlanýan awtobus duralgalarynyň sowadyjyly otaglaryna ýolagçylaryň goýberilmeýändigi habar berilýär.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky çeşmeleri soňky ýyllarda bu duralgalardan paýtagtyň Saparmyrat Türkmenbaşy, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk şaýollarynyň ugrunda onlarçasynyň gurlup, ulanylmaga berlendigine garamazdan, şu günler olaryň ählisiniň gapysynyň elmydama gulply saklanylýandygyny aýdýarlar.

“[Bu duralgalarda] gazet-žurnallary satmak üçin niýetlenen kiosklar, dükanjyklar işlänok. Içinde gyşyna ýyladýan, tomsuna sowadýan split ulgamlary oturdylan otaglaryň agzy-da gulply dur. Oňa ýolagçylaryň girmegi gadagan” diýip, aşgabatly ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew aýtdy.

Belläp geçsek, daşy ak mermere çalymdaş material bilen örtülen we ýaşaýyş otagyny ýadyňa salýan bu duralgalaryň içinde ýolagçylar üçin niýetlenen ondan gowrak oturgyç bilen bir hatarda, LCD telewizorlar, sowadyjy split ulgamlar, hatda diri güller hem bar.

Aşgabadyň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda awtobusa garaşyp duran ýaşaýjylaryň ençemesi howanyň gyzgynlygy 40 gradusdan hem aşýan bu günlerde, ýolagçylaryň duralgalardaky split ulgamly otaglarda däl-de, olaryň kölegesinde ýa-da töwerekdäki baglaryň saýasynda garaşmaly bolýandygyndan nägile bolýar.

“Açyk howada ep-esli wagt awtobusa garaşmaly bolýan ýolagçylary gyşda sowukdan, tomusda yssydan goramak üçin gurlan bu duralgalara millionlap maliýe serişdesi harçlanýar. Emma olara ýolagçylar goýberilmeýär. Onda bu duralgalar näme üçin gurulýar?” diýip, özüni Meňli daýza diýip tanyşdyran Aşgabadyň ýaşaýjysy zeýrenýär.

Azatlyk Radiosy bu duralgalardaky otaglaryň näme sebäpden gulply durandygy barada Aşgabadyň şäher häkimligi bilen habarlaşanda, jogapkär resmi bu maglumatyň ýalandygyny aýdyp, sowadyjy split ulgamly otaglara ýolagçylaryň goýberilmeýändigi baradaky maglumatlary dil üsti bilen inkär etdi.

Emma Türkmenistanyň awtoulag ministrligine degişli käbir edaralaryň resmileriniň adynyň efirde tutulmazlygy şerti bilen beren maglumatyna görä, Aziýa oýunlary başlanýança, bu otaglaryň gulply saklanylmalydygy barada ýörite tabşyryk berlipdir.

“Ýokary derejeli resmiler ‘şolary gulpy saklaň. Şonuň içine adamlar girse, olaryň zaýalanmagy mümkin. Splitleriň döwülmegi, hatardan çykmagy mümkin. Şonuň üçin olar gulply dursun. Aziýa oýunlary başlanyp, ýurda myhmanlar gelip başlanda, olary açarys diýdiler” diýip, Türkmenistanyň awtoulag ministrligine degişli edaranyň resmisi özüniň dil üsti bilen beren maglumatynda aýtdy.

Azatlyk Radiosyna bu maglumaty Türkmenistanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna resmi derejede tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmasa-da, bu türkmen häkimiýetleriniň şu ýylyň sentýabr aýynyň 17-27-si aralygynda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyklaryň çäginde dil üsti bilen girizen ilkinji çäklendirmesi däl.

Ýatladyp geçsek, soňky aýlarda türkmen häkimiýetleri Aziýa oýunlary başlanýança, paýtagty "köne ulaglardan", köçe söwdagärlerinden, eýesiz haýwanlardan "arassalamak" we Aşgabatda ýazga durmadyk türkmenistanlylary öz ýaşaýan regionyna ugratmak, welaýat belgili ulaglary şähere goýbermezlik ýaly çärelerini güýçlendirdiler.

Şeýle-de, paýtagtda ýaşaýan öňki tussaglaryň Aziýa oýunlarynyň geçjek territoriýasyna, ýagny olimpiýa şäherçesine barmagy gadagan edilip, olara bu sebitde görünmezlik tabşyryldy.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Türkmenistanyň media serişdelerinde ýokarda agzalýan meseleler dogrusynda, henize çenli ilat köpçüligine maglumat berilmeýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG