Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Demirgazyk Koreýanyň kontinentara ballisitik raketasyny synandygyny tassyklady


Demirgazyk Koreýanyň kontinentara ballisitik raketasy Hwasong-14, 4-nji iýul, 2017
Demirgazyk Koreýanyň kontinentara ballisitik raketasy Hwasong-14, 4-nji iýul, 2017

ABŞ Demirgazyk Koreýanyň kontinentara ballistik raketasyny synandygyny 4-nji iýulda tassyklady we ABŞ hem onuň ýaranlaryna “howpyň täzeden güýçlenmegi” barada duýdurdy.

Pentagon we döwlet sekretary Reks Tillerson Phenýanyň “uly we agyr” ýadro ýaragyny, şol sanda wodorod bombasyny götermäge ukyplydygyny aýdýan bu raketasynyň tehnologiýa taýdan ösendigini tassykladylar.

ABŞ-nyň bu beýanaty Birleşen Ştatlaryň we Günorta Koreýanyň Koreýa ýarym adasynda deňze raketa atmak çäresini geçirýän wagtyna gabat geldi. ABŞ-nyň goşuny regiondaky nyşanlara ýetmek üçin “ähli mümkinçilikleri ulanmaga ... düýpli hüjüme ukyplydygyny” mälim etdi.

Tillerson Phenýanyň 3-nji iýulda geçiren synagynyň ähli ýurtlara wehim salýandygyny belläp, halkara derejesinde herekete çagyrdy.

“Ähli ýurtlar köpçülik bolup, Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaragyna bil baglamagynyň netijesiniň boljagyny görkezmeli” diýip, Tillerson aýtdy.

XS
SM
MD
LG