Sepleriň elýeterliligi

Täjik polisiýasy öňki polisiýa ýolbaşçysynyň dört ýakyn garyndaşyny öldürdi


Täjigistanyň Içeri işler ministrliginiň ýörite güýçleriniň öňki ýolbaşçysy Gulmuro Halimow

2015-nji ýylda “Yslam döwleti” (YD) ekstremist toparyna goşulan Täjigistanyň öňki polisiýa ýolbaşçysynyň dört ýakyn garyndaşy Täjigistanyň howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşykda öldürildi.

Täjigistanyň polisiýasynyň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, çaknyşyk 4-nji iýulda agşam ýurduň Wose etrabynda, Owganystan bilen serhetden 25 kilometr uzaklykda bolupdyr.

Wose etrabynyň polisiýasynyň işgäri 5-nji iýulda AÝ/AR-na beren maglumatynda Täjigistanyň öňki polisiýa ýolbaşçysy Gulmuro Halimowyň iki doganynyň we iki ýegeniniň öldürlendigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, Halimowyň 52 ýaşly agasy Sultanmurad Halimow öldürilipdir. Halimowyň beýleki garyndaşlarynyň atlary görkezilmedi.

Resmiler Halimowyň garyndaşlaryna garşy geçirilen çäreleriň jikme-jiklerini bermediler. Olar YD toparynyň söweşijilerine goşulmak bilen bagly aýyplamalar bilen ýüzbe-ýüz bolmandy.

Täjigistanyň Içeri işler ministrliginiň ýörite güýçleriniň öňki ýolbaşçysy Gulmuro Halimow 2015-nji ýylyň aprel aýynda ýitirim bolupdy. Maý aýynda eli ýaragly Halimowyň Orsýete we ABŞ garşy jyhad yglan edýändigini görkezýän wideosy internetde peýda bolupdy.

XS
SM
MD
LG