Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Analiz: Dartgynlylyklara garamazdan Tramp bilen Putin çalajan dialogy täzeden dikeltmekçi bolýar


Sankt Peterburgdaky sowgat dükanlarynyň birinde satlyga çykarylan we ýüzüne Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň suraty çekilen futbolka
Sankt Peterburgdaky sowgat dükanlarynyň birinde satlyga çykarylan we ýüzüne Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň suraty çekilen futbolka

Siriýa, Ukraina, Demirgazyk Koreýa, orslaryň ABŞ-daky prezidentlik saýlawlaryna goşulyşandygy baradaky gürrüňler, Orsýetiň Ýewropany böljek bolşy, sanksiýalar, sanksiýalara berilýän gaýtawullar, kiber hüjümler... Garaz, 7-nji iýul güni Germaniýanyň Gamburg şäherinde geçirilýän “Uly-20” sammitiniň çäginde Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp bilen Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň arasynda ilkinji sapar geçiriljek ikiçäk duşuşygyň güntertibinde edilmeli gürrüňler diýseň kän.

Muňa garamazdan, Birleşen Ştatlaryň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy H. R. MakMaster 29-njy iýunda žurnalistlere: “[Duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylmaly] anyk mesele ýok”, diýdi. Beýle diýildigi, “prezident näme hakda gepleşesi gelse gepleşiberer”, diýildigi bolýar.

Şol güni Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowam çykyş edip: “Duşuşygyň dowamynda gatnaşyklary kadalaşdyrmak barada gürrüň ediler”, diýdi.

Putiniň metbugat wekili Dmitri Peskow: “Ýygnak ýüzleý häsiýetli duşuşyk bolman, eýsem, iki ýurduň arasyndaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylýan giň möçberli duşuşyk hökmünde planlaşdyrylýar”, diýdi.

Tramp Kreml bilen has ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak boýunça kampaniýa alyp baran-da bolsa, Gamburgda geçirijek duşuşyk iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň çalajan wagtyna gabat gelýär. Orsýet Trampa Ak tamyň gapysyny açan saýlawlar bilen işiniň bolmandygyny aýdýar, emma Birleşen Ştatlaryň aňtaw gulluklary Moskwanyň saýlawlara goşulyşandygyny nygtaýar.

Jorjtawn (Gerogetown) uniwersitetiniň Ýewraziýany, Orsýeti we gündogar Ýewropany öwreniş merkeziniň direktory we Birleşen Ştatlaryň milli aňtaw gullugynyň Orsýet we Ýewraziýa boýunça ozalky ofiseri Angela Stent: “Saýlawa goşulyşmak meseleleri sebäpli iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň, hatda Obama administrasiýasynyň soňky günlerindäki derejesindenem has pes ýagdaýdadygy görnüp dur. Haçan-da islendik mesele boýunça, isle Siriýa meselesi boýunça isle başga mesele boýunça, Orsýetde Birleşen Ştatlaryň bähbitlerine garşy çykyş etmek mümkinçiligi barka siz nädip dialogy täzeden dikeltjek? Haçan-da biz gaty köp sanly meseleler boýunça ylalaşmaýarkak, nädip dialogy dikeltjek?”, diýdi.

Ekspertler birnäçe ugurlar boýunça, has takygy Minks ylalaşyklaryna laýyklykda Orsýetiň öz jogapkärçiliklerini berjaý etmegi, gündogar Ukrainada çaknyşyklary bes etmek, Waşingtonyň boldy diýýän Orsýetiň saýlawlara goşulyşmak çäreleri dogrusynda rus prezidentini öz üstüne jogapkärçilik almaga çagyrmak ýaly meselerler boýunça Tramp Putine basyş etmez diýip çaklaýarlar.

Ukrainaly gullukçy Awdiýiwka golaý ýerde ýerleşýän gaçybatalgada goýlan wepat bolan dostlarynyň suratlaryna seredýär. Bilermenler Tramp Moskwanyň ýaraşyk ylalaşygy boýunça jogapkärçiliklerini berjaý etmegi üçin Putine basyş etmez diýip çaklaýarlar.
Ukrainaly gullukçy Awdiýiwka golaý ýerde ýerleşýän gaçybatalgada goýlan wepat bolan dostlarynyň suratlaryna seredýär. Bilermenler Tramp Moskwanyň ýaraşyk ylalaşygy boýunça jogapkärçiliklerini berjaý etmegi üçin Putine basyş etmez diýip çaklaýarlar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde Stent: “Ýöne Putin üçin duşuşygyň wajyp ähmiýeti bar. Sebäbi, Barak Obamanyň prezidentlik döwrüniň soňky ýyllarynda iki ýurduň prezidentleriniň arasynda ýokary derejeli duşuşyklar kän geçirilmändi. Obama administrasiýasyndan tapawutlylykda Tramp iki ýurduň arasynda ýokary derejeli gatnaşyklary ýola goýmaga isleg bildirýär. Munuň şeýledigi eýýäm Putiniň peýdasyna işleýär”, diýdi.

Ekspertleriň pikirine görä Birleşen Ştatlarda, Tramp we onuň tabynlygyndaky adamlar bilen ors agentleriniň arasyndaky gatnaşyklar barada dowam edýän jedeller iki prezidentiňem goluny baglap biler.

Kongresiň binýadynda hereket edýän birnäçe komitet şol gatnaşyklary seljerýär. Şol sanda FBI hem agzalýan galtaşyklary derňeýär. Olaryň alyp barýan derňewi Tramp FBI-iň direktory Jeýms Komiýni wezipeden çetleşdirensoň has hem çynyrgady. Soňlugy bilen Adalat departamenti derňewe gözegçilik etmek üçin ýörite prokuror belledi. Şeýlelikde, ABŞ-da gürrüňi edilýän Orsýet-Tramp ilteşigi boýunça derňewler bar güýji bilen dowam edýär.

Daşary Gatnaşyklar Boýunça Ýewropa Geňeşiniň ýokary derejeli hünärmeni Kadri Liik, dartgynlylykly atmosferanyň kesgitleýji rolunyň boljakdygyny aýdýar:

Trampyň milli howpsuzlyk boýunça ilkinji maslahatçysy Maýkl Flin özüniň orsýetli resmiler bilen gatnaşygynyň derejesini Ak tama doly aýan etmezlikde aýyplanyp işden boşadylypdy.
Trampyň milli howpsuzlyk boýunça ilkinji maslahatçysy Maýkl Flin özüniň orsýetli resmiler bilen gatnaşygynyň derejesini Ak tama doly aýan etmezlikde aýyplanyp işden boşadylypdy.

“Günbatarda ‘täze Ýalta’ ýa-da şuňa meňzeşler barada paranoik çaklamalar, jedeller bar.”

‘Täze Ýalta’ diýmek bilen Liik 1945-nji ýylda geçirilen Ýalta konferensiýasyna salgylanýar. Şonda Sowet Soýuzy, Birleşen Ştatlar we Britaniýa ýewropany özleriniň täsir ediji sferalaryna bölüşdirip II.Jahan urşundan soňky döwürde dünýä agalyk etjek tertip-nyzamy yglan edipdiler.

“Moskwa [ýygnakdan] hiç zada garaşyp bolmajakdygyna oňat göz ýetirýär. Şonuň üçinem olar, meniň pikirimçe, üýtgeşik bir zady talap edibem baranok. Olar ýagdaýa ‘ilki prezidentler öz ara şahsy gatnaşyklary ýola goýmaly, şondan soň galan zatlar ugrugar’ gözi bilen seredýärler. Şol sebäpden olaryň hiç zat teklip edesleri-de gelenok”, diýip Liik aýdýar.

Amerikan daşary gatnaşyklar geňeşiniň Orsýet boýunça bilermeni Stefen Blank, Orsýet galtaşygy baradaky goh-galmagallaryň hem Trampy çäklendirýändigini aýdýar. Trampyň milli howpsuzlyk boýunça ilkinji maslahatçysy Maýkl Flin özüniň orsýetli resmiler bilen gatnaşygynyň derejesini Ak tama doly aýan etmezlikde aýyplanyp işden boşadylypdy. Trampyň Baş prokurory Jeff Sessions hem şuňa meňzeş sebäplerden agyr günleri başdan geçirýär.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde Blank: “Orslar özleriniň gazandyk diýip pikir edýän utuşlaryny kanunylaşdyrmak üçin Trampyň strategiki dialoga girişmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Her näçe sabyrsyzlyk bilen garaşsalaram olaryň aýdýan zady amala aşmaz, sebäbi muňa Waşingtonda kongresdäkiler we administrasiýadakylar çürt-kesik garşy çykarlar”, diýdi.

Şeýle-de, Orsýet boýunça bilermenler iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň gürrüňi edilýän skandallar sebäpli doňdurylandygyny aýdýarlar.

Iki taraplaýyn gatnaşyklar boýunça döredilen “Waldai klub’ inisiatiwasynyň direktory Dmitri Suslow Moskwada çap edilýän belli-meşhur “Global Affairs” žurnalyndaky makalasynda: “Gatnaşyklary ösdürmek üçin ýa-da çäkli hyzmatdaşlyk ugrunda ädiljek islendik ädim Tramp administrasiýasyna garşy atylýan aýyplamalaryň howuny güýçlendirer we onuň häzirki ejiz ýagdaýyny has hem ýaramazlaşdyrar. Birleşen Ştatlar babatda Orsýet hiç zat edip bilmez, sebäbi, orslaryň isle konstruktiw başlangyçlary, isle gapma-garşylykly hereketleri, ikisem zyýanly bolar”, diýip ýazýar.

Orsýet boýunça bilermen Blank, Tramp özüniň “strategiki tagaşyksyzlygy” sebäpli hem kösener diýýär. Strategiki tagaşyksyzlyk Trampyň prezidentlik möhletiniň ilkinji aýlarynda peýda boldy we esasan onuň öz şahsy häsiýetiniň gatyşmagynda döredi.

Gabaraly şahsy hüý-häsiýetler we garaşylmadyk ümlerdir hereketler barada gürrüň edilende Tramp Putine bap boljak ýaly.

Obama administrasiýasynyň ozalky resmisi we häzirki wagtda “German Marshall Fund” ylmy barlag institutynda işleýän Derek Çollet CNN telekanalynda eden çykyşynda iki lideriň arasynda geçiriljek duşuşykda, simwolikanyň hem-de “güýç” düşünjesiniň ähmiýetine oňat düşünýän iki liderdenem yzly-yzyna, ýokary derejeli we adatdan daşary “erkeklik pozalaryny” sergilemeklerine garaşýandygyny aýtdy.

Bilermen Liik bu sözler bilen ylalaşyp, şeýle ýagdaýda hereketleriň sözlerden has köp many aňlatjakdygyny aýtdy. Ol: “Men olaryň beden dillerine we olaryň arasyndaky şahsy gatnaşyklaryň derejesi babatda uç görkezjek islendik herekete uly üns bilen syn ederin. Meniň üçin şular has wajyp bolar”, diýdi.

Gamburgda geçiriljek aýratyn ähmiýetli duşuşyk barada žurnalistleriň öňünde çykyş edende MakMaster, duşuşyga perwaýsyz garaýan ýaly: “Çynym, bu duşuşyk beýleki ýurtlar bilen edýän gepleşiklerimizden üýtgeşik bolmaz”, diýdi.

XS
SM
MD
LG