Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ýewropa ikinji saparyna başlady


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (ç) we Polşanyň prezidenti Andrzej Duda (s), Warşawa, 6-njy iýul, 2017.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ýewropa ikinji saparyna başlady. 6-njy iýulda Warşawa baran Tramp Merkezi we Gündogar Ýewropanyň liderleri bilen duşuşyk geçirer we telewideniýe arkaly Polşanyň halkyna ýüzlener.

6-njy iýulda Tramp Polşanyň prezidenti Andrzej Duda bilen duşuşdy.

Şeýle-de, Tramp Warşawada geçirilýän we regionyň Orsýetiň energiýa göterijilerinden garaşlylygyny azaltmak maksadyny öz öňünde goýýan Üç deňiz inisiatiwasynyň sammitinde Gündogar we Merkezi Ýewropanyň döwlet we hökümet baştutanlarynyň öňünde eden çykyşynda bu inisiatiwada "Amerika siziň güýçli ýaranyňyz we berk partnýoryňyz bolar" diýdi.

Günüň aýagynda Tramp Hamburga baryp, Uly-20 guramasynyň sammitine gatnaşar, 7-nji ýylda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşar.

Trampyň we Putiniň 7-nji iýulda Hamburgda uly-20 gurmasynyň sammitiniň dowamynda geçiriljek gepleşigi birinji duşuşyk bolar.

XS
SM
MD
LG