Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aeroflot semrän stýuardessalara bonus tölemeýär


Stýuardessalar
Stýuardessalar

Russiýanyň Aeroflot howaýollary firmasynyň uçar beletleri, ýagny stýuardessalary Irina Iýerusalimskaýa we Ýewgenia Margurina fewral aýynda kazyýete Aeroflotyň "gartaşan, semiz ýa-da görk-görmeksiz" diýen sebäplerden özlerini ýekirýändigi barasynda arz-şikaýat edipdirler.

Margurina şonda: "Olar bize Aeroflot uçarlarynda diňe ýaş we semiz bolmadyklar uçar" diýdiler” diýipdi. Aeroflot özüniň halkara uçuş saparlarynda işleýän ýol beletlerine, ýagny stýuardessalara goşmaça bonuslar berýär. Ýöne firmanyň kadalaryna görä, bedeniniň göwrümi 48 we ondan uly bolan ýa-da ýaşy 40-dan geçen stýuardessalar ýurduň içindäki uçuş saparlaryna geçirilýär.

Iýerusalimskaýanyň we Margurinanyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, geçen ýylyň awgust aýynda firma täze iş eginbaşlaryny taýýarlamak üçin, stýuardessalary surata düşüripdir, olaryň agramyny we beden ölçeglerini belläp alypdyr. Ondan soň alnan şol görkezijiler esasynda, olaryň ikisinem halkara uçar saparlaryndan aýrypdyrlar.

"STS" garran, semrän, betnyşan

Olar bilen bilelikde halkara uçar saparlaryndan daşlaşdyrylan 480 sany Aeroflot işgäri indi "STS" ýagny "garran, semrän, betnyşan" diýen rusça sözleriň baş harplaryndan emele gelen lakamy dakýarlar.

Aprelde Moskwanyň iki tapawutly kazyýeti Iýerusalimskaýanyň we Margurinanyň beren arzalaryny ret edipdir. Olar şonda beren arzalarynyň üsti bilen firmada ýöreýän şeýle kadanyň ýatyrylmagyny, alynmadyk bonuslaryň we çekilen ýitgileriň hem öweziniň dolunmagyny talap edipdir. Iýerusalimskaýanyň arzasyny ret eden kazyýet berlen arz-şikaýat bilen firmanyň kadasynyň güýje giren wagtynyň arasynda gaty köp wagtyň geçendigini sebäp görkezipdir. Margurinanyň arzasyny ret eden beýleki kazyýet bolsa, "hukuklary kemsitmäniň bolup bolmandygyny aýyl-saýyl etmek kazyýetiň wezipesi däl" görnüşinde düşündiriş beripdir. Kazyýetiň kabul eden bu karary iki zenanyň hem aklawçysy bolan Ksenia Mihailiçenkony diýseň geň galdyrypdyr:

"Zähmet kodeksinde, hukuklary kemsitmäniň hut kazyýet tarapyndan serediljekdigi aýan edilýär. Kazyýet bolsa "ýok, beýle däl" diýýär. Men kazyýetden: "Hukuklaryň kemsidilmegine kazyýetlerde garalman, onda nirde garalýar, aýdyň?" diýip soradym.”

Uçar ýol beletleri Irina Iýerusalimskaýa we Ýewgenia Margurina
Uçar ýol beletleri Irina Iýerusalimskaýa we Ýewgenia Margurina

"Semrän her artykmaç kilogramyň 759 rubl ýitgi"

Margurinanyň kazyýet işinde Aeroflotyň wekiliniň görkezen resminamasynda, uçar ýol beletleriniň semrän her artykmaç kilogramynyň firma ýylda 759 rubla, ýagny 12,70 amerikan dollaryna barabar ýitgi çekdirýändigi mälim edilýär.

Iýerusalimskaýa bilen Margurinanyň düzeldiş kazyýet oturylyşygy iýul ýa-da awgust aýynda geçiriler. Ýöne Margurinanyň Azatlyk Radiosynyň rus gullugyna bildirmegine görä, Aeroflot olaryň eden arza-şikaýatlaryndan sapak alyp, "gara sanawa" alnyp, halkara uçar saparlaryndan daşlaşdyran 480 işgärinden, 120 sanysynyň "ýagdaýyny düzeldipdir".

"Olaryň adynyň gabadynda täsin bellikler ýazylan. Meselem, "käýarym agramy kadany geçip bilýär" ýa-da "öz görküni düzeltmäge synanyşýar". Olar täzeden surata düşürilipdir we gatnaşýan uçar saparlarynyň sany hem köpeldilipdir" diýip, Margurina aýdýar.

Iş berýäniň jogarkärçiligimi?

Margurinanyň aýtmagyna görä, ondan soň hut onuň özüni hem Tiblisi we Baku ýaly halkara uçar saparlaryna goşupdyrlar. Iýerusalimskaýa bolsa Russiýanyň içindäki uçar saparlarynda işlemeli bolar.

Aklawçy K. Mihailiçenkonyň pikrine görä, Aeroflot meselesi Russiýa üçin örän wajypdyr. Munyň bilen baglanşykly ýurtda hukuklary kemsitmek hakda kanuny esaslar bar. Ýöne bu ugurda faktlary subut etmek gaty kyn.

"Bizde hukuklaryň kemsidilmegini aýyl-saýyl subut edýän kadalar ýok. Bu bolsa jenaýat kodeksinde ýetmezçilik döredýär. Ýewropa we ABŞ-da hukuklary kemsitmäniň bolmandygyny subut etmekden işi berýän jogapkärdir. Käbir ýurtlarda bolsa kazyýet bu jogapkärçiligi işi beren bilen işgäriň arasynda deň paýlap bilýär. Bizde bolsa ähli jogapkärçilik işçiniň üstüne düşýär we bu ýagdaýy hasam kynlaşdyrýar" diýip, aklawçy belleýär.

"Ujypsyzja tölegler"

K. Mihailiçenkonyň sözlerine görä, adaty ýagdaýda Russiýanyň kazyýetleri hukuklary kemsitmek bilen baglanşykly işlerde arza-şikaýat eden tarapa diýseň ujypsyzja tölegler hödürlenýär. Bu bolsa hukuklary kemsitmek bilen baglanyşykly adamlaryň kazyýet işlerinden daş durmagyna sebäp bolýar.

Ýöne Ý. Margurina meseläni Russiýada çözüp bilmedik halatynda, ony Ýewropanyň adam hukuklary kazyýetine ýetirjekdigini aýdýar.

Iýerusalimskaýa we Margurina öz arzalaryna düzeldiş kazyýet oturylyşygynda garalmagyna garaşman, meseläni jemgyýetçiligiň garamagyna hödürläpdirler.

Olar internetde gol ýygnama tagallasyny başladyp, Aeroflot firmasynyň müşderilerinden goldaw haýyş edýärler. Ilkinji bäş günüň dowamynda 1000 gol ýygnalypdyr.

XS
SM
MD
LG